Üç ýurt rus belgili ulaglaryň ýurtlaryna girmeklerine gadagançylyk girizdi

Üç ýurt rus belgili ulaglaryň ýurtlaryna girmeklerine gadagançylyk girizdi

Russiýa belgili ulaglaryň Latwiýa, Litwa we Estoniýa girmekleri gadagan edildi.

Ady agzalan gadagançylyk kararyny ilki bilen Litwa kabul etdi.

Litwanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýowita Nelýupsiýene beren ýazmaça beýanatynda: "Häzirki wagtda rus raýatlar serhedi diňe awtobuslar ýa-da ýöräp geçip bilýärler" diýip habar berdi.

Russiýa bilen gury ýer baglanşygy bolmadyk Litwa bilen Polşanyň arasyndaky Baltika deňiziniň kenarynda ýerleşýän Russiýa degişli bolan Kaliningrada gitjek ulaglaryň şol gadagançylykdan erkin boljakdyklaryny aýdan Ýowita Nelýupsiýene gerek bolan resminamalary bermeýän adamlaryň serhetden geçip billmejekdiklerini mälim etdi.

Latwiýanyň metbugatynda berilen habarda hem Russiýa belgili ulaglaryň ýurda girmekleriniň gadagan edilendigi aýan edildi.

Mesele bilen bagly soňky ädimi bolsa Estoniýa tarapyndan edildi we ýurduň Içeri işler ministrligi Russiýa belgili ulaglaryň ýurda girmeginiň gadagan edilendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Polşa: "Wagnere degişli birikmeler serhede golaýlaşdylar" diýdi
Litwa Rus Döwlet Belgili Ulaglaryň Ulanylmagyny Gadagan Etdi
13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Polşanyň howa giňişliginde üç sany näbelli jisim anyklandy
Putin talyplara nädip köp gazanmalydygyny maslahat berdi
Russiýa Açyk Asmanlar Ylalaşygyndan Çekilýär