Polşa: "Wagnere degişli birikmeler serhede golaýlaşdylar" diýdi

Polşa: "Wagnere degişli birikmeler serhede golaýlaşdylar" diýdi

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý Belarussiýadaky Wagner topary barada metbugata beýanat berdi.

Mateuş Moraweskiý Wagnere degişli 100-den gowrak hakyna tutma söweijiniň Litwa bilen Polşa döwletleriniň arasyndaky Baltika deňizine çykalgasy bolan Russiýanyň Kaliningrad sebitine tarap ugur alandygyny mälim etdi.

"Indi ýagdaý has howply ýagdaýa gelýär" diýip aýdan Mateuş Moraweskiý: "Bu çürt-kesik Polşanyň territoriýasynda has köp gibrit hüjüme tarap bir ädimdir" diýip belledi.

Polşanyň Içeri işler ministri Mariuş Kaminski bolsa düýn beren beýanatynda, Wagner bilen bagly hadysalar başdan geçirilen halatynda Polşanyň, Latwiýanyň we Litwanyň Belarussiýa serhetlerini bilelikde ýapyp biljekdiklerini habar berdi.

Wagner toparynyň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, ýanyndaky söweşijiler bilen iýun aýynda rus hökümetine garşy ýaragly gozgalaň turuzypdylar. Gozgalaň Belarussiýanyň Prezidenti Aleksanr Lukaşenkonyň ara girmegi bilen bes edilipdi.

Prigožiniň Belarussiýa gitmeginden soň Wagneriň ýurda ýerleşmegi üçin teklip hödürlän Lukaşenko, Belarussiýanyň goşunynyň Wagner söweşijileriniň tejribelerinden peýdalanyp biljekdigini beýan edipdi.

Wagner toparynyň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin 19-njy iýulda hakyna tutma söweşijileirň Belarussiýa geçendigini habar beripdi.

Belarussiýanyň goşunyny dünýäniň iň uly 2-nji goşunyny etmek barada söz beren Prigožin gerek bolan halatynda olaryň ýanynda boljakdyklaryny nygtapdy.

Polşa Wagner tarapyndan emele gelip biljek howplara garşy esgerlerini Belarussiýa serhedine geçirmek barada karar kabul edipdi.

Ýene degişli makalalar

Mançester Siti dünýäniň klublaýyn çempionatynyň finalyna çykdy
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi