BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Ukraina guran saparynyň çäginde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň söweşiň öňüni alyp bilmändigini we arzuw-hyýallary puja çykarandygyny nygtady.
Guterreş, Kiýewde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen birlikde metbugata beren beýannamasynda, saparynyň çäginde Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşi sebäpli çekilen ýitgileri, harabalygy we adam hukuklarynyň basgylanandygyny ýakyndan görendigini aýtdy.
Halkara Jenaýat kazyýetiniň Ukrainadaky söweş hakynda başladan derňew işine goldaw berýändigini aýdan Guterreş: “Wakalary ýakyndan görmek üçin geldim. Howpsyzlyk geňeşi bu söweşiň öňüni alyp bilmedi we bes edilmegi üçin hem elinden geleni etmedi. Howpsyzlyk geňeşi arzuw hyýallary puja çykardy emma 1400-den gowrak hünärmeni bilen Ukrainanyň halky üçin elinden geleni edýar” diýdi.
Antoniu Guterreş “Ukrainanyň hökümeti bilen ugtaşykly ýagdaýda işleşmek üçin size söz berýärin” diýdi.
Söweşiň bes edilmegi we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin çagyryş beren Guterreş, hüjümleriň bes edilmegi we ynsanperwer geçelgeleriniň açylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem, Guterreşiň parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallasyny takdyr edýändiklerini nygtady.
BMG-nyň Baş sekretary Guterreşiň Ukrainanyň şäherlerine baryp “Russiýanyň eden harby jenaýatlaryny”ýerinde görendigini aýdan Zelenskiý, “BMG-nyň Adam hukuklary geňeşi, rus goşunynyň eden ähli jenaýatlaryny bellige almaga dowam etmeli. Rus basyp alyşlygy Ukrainada asuda ilata garşy, şäherlere garşy, Ýewropanyň YY jahan urşundan bäri hiç görmedik jenaýatyny getirdi” diýdi.
Zelenskiý, Russiýanyn döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Mariupoldaky çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky beýannamasyna garamazdan Azowstal metallurgiýa fabriginiň bombalanýandygyny nygtady.
Ýüzmüňlerçe ukrainalynyň zor bilen Russiýa alnyp gidilendigini aýdan Zelenskiý “Jenap Guterreşe Ukrainanyň raýatlarynyň zor bilen Russiýa alnyp gidilmeginiň öňüniň alynmagy üçin çagyryş berdim” diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti, ýurdunyň dünýäde 400 million adamyň çöregi üçin bugdaý eksport edýändigini, port şäherleriniň Russiýanyň gözegçiligi astyna geçendigi sebäpli ellerindäki bugdaýy dünýä bazarlaryna ýetirip bilmändiklerini, şol sebäpli hem geljekde birnäçe ýurtda azyk krizisiniň ýüze çykyp biljekdigi barada duýduryş berdi.
