Türkmenistanyň DIM-i Hazar deňziniň suw giňişligindäki "hüjümi" ýazgardy

Türkmenistanyň DIM-i Hazar deňziniň suw giňişligindäki "hüjümi" ýazgardy

"Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybirligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini belleýär” diýlip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň 27-nji iýuldaky beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda salgylanýan hüjüm takyklaşdyrylmaýar, ony amala aşyran tarapyň ady agzalmaýar we nyşana alnan gämi barada maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty Eýranyň Ukrainany Hazar deňzindäki eýran söwda gämisine hüjüm etmekde aýyplamagynyň yz ýanyndan çap edildi.Eýranyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 25-nji iýulda amala aşyrylan hüjümde gäminiň ekipažynyň bir agzasy heläk bolup, ýene biri ýaralandy.

Tähran hüjümiň Ukraina tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi.Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 26-njy iýulda Ukrainanyň bu hüjüm üçin jogap bermelidigini aýtdy.Ol bu meseläni Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Kaýa Kallas we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen maslahatlaşandygyny mälim etdi.

Arakçi hüjümi gönüden-göni Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen baglanyşdyrdy.Zelenski 25-nji iýulda ukrain güýçleriniň Hazar deňzinde uzak aralykdan zarbalary amala aşyrandygyny tassyklady.Onuň sözlerine görä, hüjümlerde Eýranyň gatnaşmagynda harby ýükleri daşaýan gämiler, şeýle-de Russiýanyň harby gämisi nyşana alyndy.Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy hüjümleriň nyşanalarynyň arasynda Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasynyň dolandyrýan Filanowskiý nebit platformasynyň, “Port Olýa 2” we “Begeý” ýük gämileriniň hem bolandygyny aýtdy.

Kiýew bu gämileriň Russiýa bilen Eýranyň arasynda harby ýükleri daşamak üçin ulanylandygyny aýdýar.Eýran bolsa hüjüme sezewar edilen gäminiň söwda gämisidigini aýdýar.Russiýa boldy diýilýän hüjüm barada entek beýanat bermedi.2018-nji ýylda Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa Hazarda sebitden daşarky ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň bolmagyna ýol bermezligi göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina çözuşynyň dördünji ýyl dönüminde Türkmenistan urşy resmi derejede agzamaýar
Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady
"Azatlygyň" habaryndan soň, Berdimuhamedow Ukrainanyň saýlanan prezidentini gutlamaga howlukdy
Russiýa basyp alnan Krymdan goşunlaryny yza çekip başlaýar
Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar