Prezident Erdogan ukrainaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan ukrainaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşiniň soňky ýagdaýy we gepleşikler tapgyry bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde ýagdaýyň günsaýyn has hem agyrlaşýan Mariupol şäherinde ýaralanan adamlaryň we asuda ilatyň ewakuasiýa edilmeginiň gerekdigini beýan etdi.

Gepleşikler tapgyrynda ellerinden gelen ähli kömegi etmäge, araçylyk bilen birlikde ähli kömegi bermäge taýardyklaryny aýdan Prezident Erdogan, kepillik bilen bagly meselä hem oňyn garaýandyklaryny habar berdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Wladimir Zelenskiý Kiýewde metbugat ýygnagyny geçirdi
Ukraina Söweşi
Mariupol şäherinde 3-nji köpçülikleýin mazar tapyldy
"BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Söweşiň Öňüni Alyp Bilmedi"
Russiýa: "Azowstal fabriginden asuda ilatdan 46 adam çykdy" diýdi