Russiýa: "Azowstal fabriginden asuda ilatdan 46 adam çykdy" diýdi

Russiýa: "Azowstal fabriginden asuda ilatdan 46 adam çykdy" diýdi

Russiýanyň Ukrainanyň Mariupol şäherinde gözegçiligi doly ýagdaýda ýola goýanyndan soň köp sanda Ukrainaly esgeriň we asuda ilatyň sygynan Azowstal polat fabriginden asuda ilatyň ewakuasiýa edilmegi bilen bagly çagyryşlaryna jogap geldi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Azowstal fabriginden asuda ilatdan jemi 46 adamyň fabrikden çykyp, Russiýanyň harby birikmeleriniň gözegçiligine geçendigi mälim edildi.

Fabrikden çykan asuda ilatyň surat we wideo materillary paýlaşylyp berilen beýanatda: "Düýn od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi we ynsanperwer geçelgeleriň açylmagynyň netijesinde asuda ilatdan 2 topar, Azowstal polat fabriginiň çäginden çykdy. Günortandan soň 25 ýerli ýaşaýjy çykdy. Howanyň garaňkylamagyndan soň bolsa 21 adamdan ybarat 2-nji topar bolsa Bezymýannoýe ýaşaýyş ýerine gönükdirildi" diýip habar berildi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Wladimir Zelenskiý Kiýewde metbugat ýygnagyny geçirdi
Ukraina Söweşi
Prezident Erdogan ukrainaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mariupol şäherinde 3-nji köpçülikleýin mazar tapyldy
"BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Söweşiň Öňüni Alyp Bilmedi"