Wladimir Zelenskiý Kiýewde metbugat ýygnagyny geçirdi

Wladimir Zelenskiý Kiýewde metbugat ýygnagyny geçirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýa-Ukraina söweşiniň 59-njy gününde ýurdyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezindäki Khreşatik metro bekedinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Zelenskiý Mariupol şäheriniň özleri üçin örän ähmiýetlidigini belläp: "Mariupol şäherinde adamlarymyz ýok edilse, basyp alyşlyk astyndaky sebitlerde referendumlar geçirilse ýurdumyz Russiýa bilen geçirilýän ähli gepleşiklerden çekiler" diýip mälim etdi.

Zelenskiý: "Elimizde ýeterlik derejede ýarag bolanda wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan ähli sebitleri yzyna alarys" diýip aýan etdi.

Zelenskiý Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirilmegi bilen bagly: "Russiýanyň Döwlet baştutany bilen duşuşmak islemeýärin, emma eger ähli meseleleri diplomatiýa arkaly çözmegi meýilleşdirýän bolsak, ony etmäge mejburdyryn. Putiniň halkara kazyýetiň öňüne çykarylmagy bilen baglanşykly bolsa adamlary, çagalary öldürmek barada buýruk beren ähli adamlar şol kazyýetiň öňüne çykjakdygyna ynanýaryn" diýip habar berdi.

Zelenskiý söweşiň bes edilmegi babatynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşiklerde araçylyk telipleri bilen bagly meseläniň üstünde durup geçip: "Araçy bolmak isleýän döwletleriň arasynda Türkiýe, lider bolmak isleýändigini görkezýär. Türkiýe açyk ýagdaýda kepillendiriji ýurtlaryň arasynda bolmak isleýändigini we taýardygyny aýdýar" diýip beýan etdi.

Zelenskiý Ukrainanyň NATO bilen integrasiýa tapgyry bilen bagly bolsa: "Ukrainanyň NATO kabul edilmezligi, uly ýalňyşlykdy. NATO kabul edilmegimiz, alýansy güýçlendirerdi, Russiýanyň söweşi başlatmazlygynyň kepili bolardy. Ol strategik ýalňyşlykdy" diýip habar berdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Putin bilen Tramp NATO-nyň Ankaradaky sammitinden öň Ukraina meselesini maslahatlaşdylar
Zelenskiý Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ankarada geçirjek duşuşyklary belli boldy
Tramp: “Şu gije Eýrana uly hüjüm gurap bileris”
Tramp: Erdogan ajaýypdy, NATO uly öňe gidişlik etdi
Eýran hüjümlere degişli gaýtawuly görkezer