Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mişel telefon söhbetdeşligi barada sosial mediadan beren habarnamasynda, “Putine Pasha baýramy mynasibetli Mariupolyň başda durmagynda gabaw astyndaky şäherlere ynsanperwer kömeginiň berilmegi we hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdim” diýdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, ÝB-niň Ukraina goldaw bermäge we Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan hüjümleri sebäpli goýlan sanksiýalaryň dowam etjekdigini nygtady.

2 gün ozal Kiýewde saparda bolan we Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen duşuşan Mişeliň, Ukrainanyň lideriniň talaby sebäpli Putine Zelenskiý bilen duşuşmagy maslahat berendigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Aliýew we Şols telefon arkaly söhbetdeş boldylar
Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Duşuşarlar
Mbappe Fransiýa EURO 2024-iň petegini gazandyrdy