Lawrow: BRIKS we ŞHG guramalaryna agza bolmak isleýän ýurtlar köpelýär

Lawrow: BRIKS we ŞHG guramalaryna agza bolmak isleýän ýurtlar köpelýär

BRIKS guramasyna we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna birleşmek isleýän ýurtlaryň sany geçen ýylyň jemleri boýunça artdy we ýigrimä ýetdi diýip, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Duşende güni Lawrow ýurduň DIM-niň sebit wekilleri bilen ýygnakda bu barada söz açyp: Soňky iki ýylda BRIKS hem-de ŞHG guramalaryna birleşmek isleýän döwletleriň sanynyň çalt artmagy bellärliklidir diýdi.

2022-nji ýylyň iýunynda BRIKS guramasyna agza bolmak üçin Argentina we Eýran arza berdi, şeýle-de gurama Müsür we Türkiýe goşulyşmak isleýär, Saud Arabystany hem bu mesele bilen gyzyklanýar.

Häzirki wagtda BRIKS guramasyna Russiýa, Hytaý, Braziliýa, Hindistan we GAR girýär. Gurama 2006-njy ýylda Russiýanyň başlangyjy boýunça döredildi, onuň wezipesi agza döwletleriň arasynda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

S.Lawrow Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen gepleşik geçirdi
Türkmen wise-premýeri we ŞHG-nyň Hökümet Baştutanlary Gyrgyzystanyň Baştutany bilen duşuşdylar
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi
Eýran we Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden demir ýol geçelgesini işe girizmekçi
Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy