BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy

BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi iýulda öz ýurdunda geçjek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşmaga çagyrdy.

Çakylygy Guterrişe Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu Ženewada geçen duşuşykda gowşurdy diýip, Interfax.ru ýazýar.

Habarda Baş sekretaryň çakylyk üçin minnetdarlyk bildirendigi bellenýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan girýär. Gurama Owganystan, Belarussiýa we Mongoloiýa synçy döwletler hökmünde gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG-niň Baş sekretary şäherleriň durnukly ösüşine ýardam bermäge çagyryş etdi
Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady