BMG-niň Baş sekretary şäherleriň durnukly ösüşine ýardam bermäge çagyryş etdi

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Bütindünýä şäherler güni bilen baglanyşykly geçirilen maslahatyň çäklerinde şäherleriň durnukly we ykdysady ösüşe ýardam bermekde we innowasiýalary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ol:

-Bütindünýä şäherler güni bu şäherleriň durnukly ösüşde oýnaýan möhüm roluna garamagyň wagtydyr diýip, şäherleriň diňe bir ykdysady merkezler bolman, eýsem global derwaýys meseleleri çözmekde hem öňdäki hatarda durýandygyny belledi.

A.Guterreşiň pikiriçe, şäherler howanyň üýtgemeginden başlap, sosial bölünişiklere çenli birnäçe çylşyrymly meselelere duçar bolýar.

Häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar we BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli ilatyň, takmynan, 70 göterimi şäherlerde ýaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
BMG-niň Baş sekretary musulmanlary Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
BMG-nyň baş sekretary ABŞ-daky protestler barada beýanat berdi