BMG-niň Baş sekretary musulmanlary Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady

BMG-niň Baş sekretary musulmanlary Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäniň ähli musulmanlaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady.

Remezan özünde parahatçylygyň, sabyr-kanagatlylygyň we sahylygyň gymmatlyklaryny jemleýär. Bu oýlanmagyň we doga-dilegleriň, birek-birek bilen ýygnanyşmagyň hem-de birek-biregi goldamagyň döwrüdir. Gynansagam, bu aýy köpler gapma-garşylyklar, ýaşaýan ýeriňi mejbury terk etmegiň we gorky şertlerinde bellemeli bolar diýip, Guterriş belledi.

Ilkinji nobatda men Gazada bolup geçýän elhençliklerden ejir çekýänlere goldawymy hem-de raýdaşlygymy bildirmek isleýärin. Bu agyr wagtda Remezanyň ruhy umydyň şamçyragydyr hem-de biziň ynsanperwerligimiziň ýatladylmagydyr diýen Guterriş adamzadyň maşgalasynyň her bir agzasynyň howpsuzlygyny berkitmek ugrunda bilelikde tagalla etmäge çagyrdy.

Goý, bu mukaddes aý parahatçylyk getirsin hem-de bizi has adalatly we rehim-şepagatly ýola gönükdirsin diýip, BMG-niň Baş sekretary öz ýüzlenmesini jemledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG-nyň baş sekretary Eýranyň Ysraýyla guran hüjümi barada beýanat berdi
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär
Lawrow: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyny köpçülikleýin ýagdaýda jezalandyrmagy kabul edilmesizdir"
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi