Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine amala aşyrýan iş sapary dowam edýär. Bu barada TDH habar berýär.

Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany birnäçe duşuklary geçirdi we Bütindünýä howa sammitiniň ilkinji gününde çykyş etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, “Dubai EXPO City” toplumyna gelende, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar.

“COP-28” maslahatyna gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan gutlag sözünde belent mertebeli myhmanlara sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.Onuň gün tertibine tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan meseleler girizildi.

BAE-niň Prezidenti “COP-28” maslahatynyň häzirki döwrüň esasy wehimleriniň birine garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ählumumy howa meselelerini çözmäge niýetlenen täze gaznanyň döredilýändigini habar berdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol dünýä bileleşigini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça toparlaýyn hereketleri çaltlandyrmaga çagyrdy. Ýer ýüzüniň ähli döwletlerini we halklaryny tolgundyrýan howa meselesi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde “COP-28” maslahatynyň wajypdygy nygtaldy.

Forumda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Plenar mejlislerde halkara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan gün tertibiniň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda sammite gatnaşyjylar dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine wajyp wezipeleri çözmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

“COP-28” maslahatynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen hem duşuşdy.

Forumyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary “СOP-28” maslahatynyň çäklerinde geçirilýän we azyk üpjünçilik ulgamyny, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi