Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy

Şu gün Ýakyn Gündogaryň ösen maliýe we tehnologiýa merkezi hasaplanýan Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP-28) öz işine başlady. Dubai EXPO City sergiler merkezinde geçirilýän mejlise hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary Al Wasl dabaralar merkezine ýygnandylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan garşylandy.

Soňra Dubai EXPO City sergiler merkeziniň çäginde ýerleşýän Al Waha teatrynda Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.Günüň ikinji ýarymynda COP-28 maslahatynyň plenar mejlisi öz işine başlady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň biri hasaplanýan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilen anyk çärelere ünsi çekip, bu babatda ileri tutulýan garaýyşlary beýan eder.

Howa boýunça sammitleriň taryhynda iň köp wekil (70 müňden gowrak) gatnaşýan maslahat hökmünde ykrar edilen COP-28-iň gün tertibi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek, bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Plenar mejlisler bilen birlikde, iki hepdäniň dowamynda howa meselelerine bagyşlanan ugurdaş çäreleriň hem ýüzlerçesi geçiriler.

Noýabr aýynyň dowamynda geçirilen Hökümet mejlislerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, Dubaýda geçirilýän COP-28 maslahatyna gatnaşmaga düýpli taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde sammitde kabul ediljek resminamalar seljerildi hem-de şolaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar
Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi