Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy

Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy

Dubaýyň Ekspo şäherinde Talhan ilkinji türkmen restorany açyldy. Restoran EXPO 2020-ä gatnaşmak üçin Dubaýda açylan Türkmenistan pawilýonynyň özboluşly binasynda ýerleşýär. Pawilýon Garagumuň gum depeleriniň şekilinde bezelip, onuň öňünde akhalteke atlary ýerleşdirilen heýkel kompozisiýa bar.

Talkhan restorany Expo City Dubai-yň myhmanlaryna türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryny, şeýle hem myhmanlary dünýäniň dürli tagamlary boýunça gyzykly syýahata alyp gidýän halkara tagamlaryň utgaşygyny hödürleýär.

Restoranyň menýusynda palow, gowurdak, unaş, dograma, manty, gutap, fitçi we milli türkmen aşhanasynyň ajaýyp tagamlary bar. Şeýle hem restoranda saglyk üçin peýdaly dag otlaryndan we ýandakdan taýýarlanan türkmen çaýlary hödürlenýär.

Expo City Dubai-a dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly syýahatçynyň gelýändigini göz öňünde tutsak, Talhan restorany hakyky türkmen aşhanasynyň giňden ýaýramagyna goşant goşar.

Restoran baradaky maglumatlary Expo City Dubai-yň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar
Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar