Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy

Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy

Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilen Bütindünýä howa forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dubai EXPO Center binasynda geçirilen Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ählumumy howa forumyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Çünki, Ýer biziň umumy öýümizdir.

Biz ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Ýurdumyz örän wajyp wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, ylalaşykly bilelikdäki hereketleri pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar.Tutuş adamzadyň geljegi bolsa şol hereketlere baglydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär
Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy