Lawrow: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyny köpçülikleýin ýagdaýda jezalandyrmagy kabul edilmesizdir"

Lawrow: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyny köpçülikleýin ýagdaýda jezalandyrmagy kabul edilmesizdir"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ysraýylyň Hamasy sebäp görkezip, Palestinanyň halkyny köpçülikleýin ýagdaýda jezalandyrmagynyň kabul edilmejekdigini belläp, Gaza sektory üçin halkara gözegçilik missiýasynyň ugradylmagy barada çagyryş berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow "Umumy geljegi gurmaga tarap" temasy bilen Katarda geçirilen 21. Doha forumynda çykyş etdi.

Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy guran hüjümleriniň sebäpsiz bolmandygyny aýdan Sergeý Lawrow, ady agzalan hüjümleriň aslynda uzak ýyllardan bäri dowam edýän gabawa we Palestina döwletiniň gurulmagy bilen baglanşykly göwnüňi doldurmaýan wadalardan soň amala aşyrylandygyny beýan etdi.

Palestina döwletiniň gurulmazlygynyň Ýakyn Gündogarda ekstremizmi ýaýbaňlandyrýan elementdigini eýýäm ençeme ýyl bär ysraýyllylara düşündirmäge synanyşandyklaryny aýdan Sergeý Lawrow, Palestina döwletiniň statusyny çözülmezliginiň sebitdäki iň howply faktordygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow: "BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Gazada halkara gözegçilik missiýasynyň bolmagynyň zerurdygyny belledik. Gaza sektorynda ynsanperwer ýaraşygyň üpjün edilmegi üçin halkara derejedäki ähli basyşlara ýüz tutulmagynyň gerekdigini belledik" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lawrow: "ABŞ Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde NATO-nyň infrastrukturasyny berkitmäge synanyşýar"
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi
Hakan Fidan Eýranda Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Bilen Sergeý Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi