Lebabyň durmuş-ykdysady ösüşine 4,5 milliard manat maýa goýum gönükdiriler

Lebabyň durmuş-ykdysady ösüşine 4,5 milliard manat maýa goýum gönükdiriler

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl Lebap welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 4 milliard 562 million manada ýa-da Türkmenistan boýunça jemi maýa goýumyň möçberinde welaýatyň paýy 11,1 göterime deň bolar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, Lebap welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň 72 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna we desgalaryň durkuny täzelemäge gönükdiriler.

Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmak üçin 2026-njy ýylda 41,2 milliard manat möçberindäki serişdeleriň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär.

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, 2026-njy ýylda Aşgabat şäheri boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 8 milliard 781 million manatdan ybarat bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

KITAPHANALAR HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ ÇEŞMESI
Berkarar söwda-dynç alyş merkezinde tennis boýunça ussatlyk sapagy geçiriler
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň täze sany