Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar

Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hassahanalaryň şertleri we hyzmatlary näsaglary alada goýýar. Näsaglar lukmançylyk edaralaryndaky şertleriň gözgynydygyny, tehniki üpjünçiliginiň ýyllarboýy täzelenmändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri 19-njy martda sebitden maglumat berdiler.

“Bu lukmançylyk edaralarynyň arasynda Onkologiýa, Inçekeselleri, Ruhy keseller, enäniň we çaganyň saglygyny bejerýän hassahanalar bar. Bularyň köpüsiniň daşy şäherdäki beýleki binalardan o diýen tapawutlanmaýar. Ýöne onuň içindäki şertler ýylyň-ýylyna ýaramazlaşýar” diýip, hassahanalara baryp gören çeşmämiz aýtdy.

1965-1970-nji ýyllarda gurlan bu hassahanalarda krowatlar sowet döwründen bäri täzelenmändir we olaryň köpüsiniň simleri üzülipdir. Otaglaryň diwarlary gopup, poldaky linolýum örtükleri ýyrtylyp dur.

“Düşekler, ýorganlar we ýassyklar ençeme ýyl bäri täzelenmändir. Olar könelip, ýukalyp gidipdir. Olara ýakymsyz ys, şol sanda dermanlaryň ysy siňipdir. Otaglardaky penjireler hem juda köne, olaryň käbirleri asla açylmaýar” diýip, inçekeselleri bejerýän hassahanada saglyk bejergisini alan türkmenabatly ýaşaýjy belledi.

Çeşmelerimiz bu lukmançylyk edaralarynda näsaglaryň tomsuna aşa yssydan, gyşyna aşa sowukdan ejir çekýändigini hem aýdýarlar.

“Split-ulgamlarynyň oturdylmandygy we ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi sebäpli, näsaglar öýlerinden elektrik peçleri getirip, gyş paslynda mydar edýärler. Tomus aýlarynda öýlerinden wentilýator getirýän hassalar hem bar” diýip, çeşmämiz belledi.

Ol hajathanalaryň ýagdaýynyň hem gözgynydygyny, olaryň köp wagt bäri täzelemändigini we arassaçylygynyň hem kadaly üpjün edilmändigini görse bolýandygyny hem aýtdy.

Türkmenabatlylaryň ençemesi sebitde soňky ýyllarda gurlan täze lukmançylyk edaralarynyň, şol sanda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň we Ene mähri merkeziniň açylandygyny, ýöne bularda hyzmatlaryň töleglidigini belleýär.

“Mysal üçin, welaýat köpugurly hassahanasy 100% tölegli bolup, bu ýerde döwlet saglyk ätiýaçlandyryşyny kabul etmeýärler. Tölegler köp maşgala üçin elýeterli däl. Sebäbi hassahananyň resmi töleginden başga-da, lukmanlara we şepagat uýalaryna “el aklyk” hem bermeli. Hatda bu hassahanada maýyplara we Owganystanda gulluk eden weteranlara hem ýatak berilmeýär. Olar ýatyp bejergi almak üçin köne hassahanalara iberilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenabatlylar welaýatyň hiç bir hassahanasynda näsaglara mugt derman berilmeýändigini, şeýle-de para bermedik näsaglaryň saglyk bejergisiniň köplenç ünsden düşürilýändigini hem aýdýarlar.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalan hassahanalardan we welaýatyň saglygy saklaýyş bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bellesek bu, ýurduň gündogar sebitindäki hassahanalarda şertleriň ýaramazdygy barada Azatlyga gelip gowşan ilkinji maglumat däl.

Ýerli ýaşaýjylar diňe şertleriň däl, eýse hassahanalaryň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigi, öz hünärini bilýän lukmanlaryň juda azdygy barada hem ýyllarboýy şikaýat edip gelýärler.

Galyberse-de, Lebapda köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär. Geçen ýylyň iýulynda lebaply saglyk işgärleri köne binalaryň abatlaýyş işleri üçin zerur bolan gurluşyk harytlaryny öz harajatlarynyň hasabyna satyn almaly bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen metbugaty Lebabyň Dänew we Saýat etraplarynda köpugurly etrap hassahanalarynyň durkuny täzelemek işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hassahanalaryň Germaniýadan, Niderlandlardan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Hytaýdan we Türkiýeden öňdebaryjy öndürijileriň iň döwrebap anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilendigini hem aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu işleri we soňky onýyllyklaryň dowamynda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan täze lukmançylyk merkezleriniň onlarçasynyň gurulmagyny ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda gazanylan üstünlik hökmünde görkezýärler.

Ýöne olar öňden bar bolan hassahanalardaky şertler we bular bilen bagly näsaglaryň edýän şikaýatlary, şeýle-de täze gurulýan lukmançylyk edaralarynyň aglabasynyň paýtagtda ýerleşýändigi barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Halajyň hassahanasynda “ýassyklaryň kirinden ýaňa olara kelle goýar ýaly däl”
Lebapda köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär
Aşgabatda kondisionerler aýrylýar, ýene-de
Aşgabatda kondisionerleri aýyrmak çäresi täzeden güýçlendi
Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça ýygyndylaryna horwat tälimçileri ýolbaşçylyk eder