Lebapda köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär

Lebapda köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär

Lebap welaýatynda täze hassahanalary we saglyk merkezlerini gurmak işleri bellenilen möhletden uzaga çekýär. Sebitde 1960-njy ýyllarda ulanylmaga berlen köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji iýulda gündogar welaýatdan habar berdi.

Welaýatyň çäginde ýerleşýän hassahanalarda we saglyk merkezlerinde her ýylyň tomus paslynda remont işleri geçirilýär.

“Hassahanada opurylan diwarlary suwamak we boýag etmek işleri lukmanlaryň üstüne ýüklendi” diýip, türkmenabatly bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar sebitde hereket edýän saglyk desgalarynyň agramly böleginiň 1965-1970-nji ýyllar aralygynda işe girizilendigi aýdýarlar. Saglyk işgärleri köne binalaryň abatlaýyş işleri üçin zerur bolan gurluşyk harytlaryny öz harajatlarynyň hasabyna satyn almaly bolýarlar.

Sebitde ýerleşýän Ruhy keseller hassahanasynyň bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde köne saglyk binasynda lukmanlaryň hasabyna abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini tassyklady.

“Ähli gurluşyk harytlaryny öz hasabymyza satyn alýarys. Döwlet gurluşyk harytlary bilen üpjün etmeýär” diýip, Ruhy keseller hassahanasynyň bir lukmany aýtdy.

Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri saglygy goraýyş ulgamyna hojalyk hasaplaşygyny ornaşdyrmagyň üstünde işleýär. Hojalyk hasaplaşygynda kärhanalar öz-özlerini maliýeleşdirýärler. Lebap welaýatyndaky ruhy keseller hassahanasy, psihdispanser, görnüşinden, öz-özüni dolandyrmakda kösenýär we abatlaýyş işleriniň çykdajylary lukmanlaryň üstüne ýüklenýär.

Ýöne gündogar sebitde diňe bir Ruhy keseller hassahanasy däl, eýsem, onkologiýa we inçekesel hassahanalary hem köne binalarda ýerleşýär we her ýylyň tomus paslynda abatlanýan desgalaryň hatarynda galýar.

Türkmenabatda indi birnäçe ýyl bäri täze onkologiýa hassahanasyny gurmak barada meýilnamalar öňe sürülýär. Ýöne anonimlik şertinde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmenabatly bir uly lukman bu hassahanany gurmak işleriniň alty ýyldan gowrak wagt bäri yza tesdirilýändigini gürrüň berdi.

“Welaýatda 2019-njy ýyldan bäri täze onkologiýa hassahanasyny gurmak barada gürrüňler edilýär. Ýöne binanyň gurluşygy her ýyl yza tesdirilýär. Bu hassahana 2023-nji ýylda tamamlanar diýilýärdi” diýip, uly lukman aýtdy we bu ugur boýunça hassalaýan adamlaryň sanynyň köpelýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli metbugat sebitdäki köne onkologiýa hassahanasyna iki ýyl ozal gyzylödegi, aşgazany, onkibarmak içegäniň ýollaryny, peşew ýollaryny we ýogyn içegedäki näsazlyklary anyklamaga niýetlenen täze lukmançylyk enjamlarynyň Germaniýa döwletinden gelip gowşandygyny habar berdi.

Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş müdirliginiň maglumatlaryna görä, tutuş sebitde umuman 28 sany iri saglyk merkezleri we hassahana hereket edýär. Ýerli metbugata görä, sebitde 100 orunlyk welaýat Onkologiýa hassahanasyny, 300 orunlyk Inçekesel hassahanasyny gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň ýerli metbugata beren maglumatlaryna görä, birnäçe ýyl mundan ozal welaýatyň bejeriş-sagaldyş, Iç keseller we Narkologiýa hassahanalarynyň durkuny täzelemek, käbir hassahanalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýardy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebit hassahanalarynda geçirilýän düýpli abatlaýyş işleriniň lukmanlaryň çykdajylarynyň hasabyna ýerine ýetirilýändigini habar berýär.

Bu aralykda, Statistika baradaky döwlet komiteti geçen ýylyň ahyrynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini yglan edip, ýurtda soňky 10 ýylda gurlan ýaşaýyş binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, kwartiralaryň sanynyň degişlilikde 112,4 göterim we 113,6 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.

Ýöne resmi hasabatlarda ýurduň çägindäki hassahanalar, mekdepler we beýleki durmuş desgalary barada statistiki sanlar agzalmaýar.

Soňky alty aýyň jemleri boýunça 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde ýurtda täze hassahanalaryň gurluşyk işleriniň batly depginde alnyp barylýandygy aýdyldy.Maglumata görä, hasabat döwründe Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutulypdyr, ýöne ýurduň sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda indi ençeme ýyl bäri gurluşygy meýilleşdirilýän Onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyna başlanyp-başlanmandygy resmi habarlarda aýan edilmeýär.

Türkmenistan saglyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini aýdýar. Şeýle tagallalaryň çäklerinde, 2022-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda memoranduma gol çekildi.

Türkmenistanda saglyk pudagynyň işgärleri, beýleki döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleri bilen bir hatarda, ýolbaşçylar tarapyndan dilden görkezme esasynda yzygiderli ýagdaýda goşmaça gatançlara we artykmaç tutumlara sezewar edilýärler. Galyberse-de, ýurtda býujet işgärleri köpçülik çärelerine hem wagtal-wagtal mejbury çekilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Halajyň hassahanasynda “ýassyklaryň kirinden ýaňa olara kelle goýar ýaly däl”
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar
Lebaply zenanlarda onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilen barlaglar geçirilýär
Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar