Lebaply zenanlarda onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilen barlaglar geçirilýär

Lebaply zenanlarda onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilen barlaglar geçirilýär

Lebap welaýatynyň obalarynda durmuşa çykan zenanlarda medisina barlagy geçirilýär. Onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilen barlaglarda aýallardan ýörite analizler alynýar.

Häkimiýetler barlaglaryň geçirilmeginiň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Ýöne ýerli lukmanlar muny ýurtda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keselleriniň köpelýändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Çärjew etrabynyň obalarynyň we onuň töweregindäki geňeşlikleriň aýal ýaşaýjylary etrap hassahanasynda medisina barlagyndan geçirilýär. Hassahananyň ginekologiýa bölüminde zenanlardan mazok alynýar we ýatgyda ultra ses barlaglary geçirilýär” diýip, oba ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Süýt mäzleriň, ýatgynyň rak, düwün kesellerini we beýleki ginekologiki raklary anyklamak boýunça barlaglar durmuşa çykmadyk gyzlarda geçirilmeýär.

“Analizleri tabşyrmak esasan 1965-1990-njy ýyllar aralygynda doglan zenanlardan talap edilýär. Etrap hassahanasynda alnan analizler welaýat onkologiýa hassahanasyna iberilip, şol ýerde giňişleýin barlanýar” diýip, ýerli lukman anonim şertde gürrüň berdi.

Mugt geçirilýän barlaglar 2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri dowam edýär.

Ýerli lukmanlaryň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, barlaglaryň uzaga çekmegine zenanlaryň köpüsiniň analizleri tabşyrmak üçin etrap hassahanasyna barmazlygy sebäp bolýar.

“Maşgala lukmanlary aýallara etrap hassahanasyna häzir baryp analiz tabşyrmasalar, 2024-nji ýylyň maý aýyndan başlap bu barlaglaryň tölegli boljakdygyny hem duýdurýarlar. Ýöne aýallaryň arasynda bu duýduryşy äsgermeýänler hem bar. Olar lukmanlar hassahana barmadyk zenanlary barlagdan geçirmek üçin, mümkin, bizi gorkuzýandyrlar diýip, özara söhbetdeşlikde gürrüň edýärler” diýip, ýerli lukman aýtdy.

Welaýatyň saglyk resmileri barlaglaryň geçirilmeginiň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Ýöne ýerli lukmanlaryň birnäçesi muňa ýurtda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň dürli görnüşleriniň köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk barlaglar barada etrap hassahanasyndan we welaýat saglyk bölüminden teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, barlaglaryň şäher ýerlerinde hem geçirilýändigini ýa geçirilmeýändigini häzirlikçe anyklap bilmedi.

Ýöne ýurtda şeýle barlaglaryň geçirilýändigi barada Azatlyga mundan ozal hem maglumatlar gelip gowşupdy. Balkan we Mary welaýatlaryndaky habarçylarymyz barlaglaryň geçen ýylyň tomus paslynda geçirilip başlanandygyny iýul aýynda habar beripdiler.

Şonda hem, ýurduň günbatar welaýatyndaky ýerli lukmanlar hökümet meýilnamasyna salgylanyp, barlaglaryň geçirilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Barlaglar barada ýurduň media serişdelerinde maglumat göze ilmeýär. Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň derejesi baradaky statistika halka elýeterli bolan maglumatlaryň hatarynda görünmeýär.

Ýöne Azatlyk ýurduň onkologiýa keselleri hassahanalarynyň we lukmanlarynyň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigi, şeýle-de bu keselden ölýänleriň köpdügi barada ençeme gezek habar berdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) resmi websaýtynyň Türkmenistan bölüminde berilýän maglumata görä, süýt mäzleriň rak keseli, Türkmenistanda aýal-gyzlarda ýüze çykarylýan onkologiýa keselleriniň ähli görnüşleriniň arasynda birinji ýerde durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Iýmitlenmegiň kadalary
Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar
Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar
Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Lebapda köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär
Ýerli sanjym işleri Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sanawyna alyndy