Lebabyň körler we kerler jemgyýeti eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigini aýdyp, ilatdan kömek soraýar

Lebabyň körler we kerler jemgyýeti eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigini aýdyp, ilatdan kömek soraýar

Lebabyň Türkmenabat şäherindäki körler we kerler jemgyýetiniň kömek sorap, aç-açan halka ýüzlenmegi bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.

Jemgyýetdäki ygtybarly çeşmämiz munuň edara hem döwlet, hem-de raýatlar tarapyndan berilýän kömegiň doly diýen ýaly togtamagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şu günler Lebabyň körler we kerler jemgyýetiniň halkdan kömek sorap, IMO messenjerinde maglumat paýlaşmagy bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Maglumatlarda jemgyýet erkekler, aýallar we ýaşlar üçin eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigi aýdýar. Şeýle-de, olarda jemgyýetiň ilat tarapyndan ediljek islendik kömege minnetdar boljakdygy hem bellenilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlykda IMO messenjerinde paýlaşylýan bu maglumatlaryň nusgasy bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli, olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Maglumatda körler we kerler jemgyýetiniň telefon belgisi hem ýerleşdirilip, messenjeri ulanyjylardan bildirişi repost etmeklik, ýagny bu barada bolup bildiginden köp adamy habarly etmek üçin, ony Internetde paýlaşmaklyk haýyş edilýär.

Azatlyk bu maglumatlar barada teswir almak üçin agzalýan jemgyýete jaň etdi. Ýöne 10-njy aprelde telefona jogap beren resmi hiç hili maglumat berip bilmejekdigini aýdyp, trubkany goýmak bilen boldy.

Redaksiýanyň bu barada ýurduň körler we kerler jemgyýeti bilen habarlaşmak synanyşyklary hem başa barmady.

Resmi we hökümete tarapdar neşirlerde 2022-nji ýylda çap edilen maglumatlara görä, 1932-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti 4000-den gowrak agzany özünde jemleýär.

Jemgyýetiň ýurduň ähli welaýatlarynda okuw we önümçilik merkezleri bolup, olaryň eşidiş we görüş kynçylyklary bolan adamlara häzirki zaman dünýäsinde we jemgyýetinde durmuşa uýgunlaşmaga kömek edýändigi habarda bellenilýär.

Ýöne Türkmenabadyň körler we kerler jemgyýetindäki ygtybarly çeşmämiz döwlet tarapyndan jemgyýete berilýän kömegiň doly diýen ýaly togtandygyny aýdýar.

Ol munuň jemgyýetiň kömek sorap çap edýän bildirişleriniň esasy sebäpleriniň biridigini belläp, maglumatlaryň ýaýradylmagyna, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, eşidiş we görüş kynçylyklary bolan adamlara raýatlar tarapyndan berilýän kömegiň azalmagynyň hem goşant goşandygyny belleýär.

“Bu ýagdaýlar jemgyýete agza bolan eşidiş we görüş kynçylyklary bolan adamlaryň eklenjini agyrlaşdyrdy. Olaryň durmuş-sosial taýdan goraglylygy juda pese gaçdy. Olara döwlet tarapyndan berilýän kömek puly hem juda az bolup, güzeran eklenjine ýetmeýär. Şol sebäpli olar goşmaça kömege mätäç bolýarlar” diýip, çeşmämiz ýurtda bu adamlar üçin işlemek mümkinçiliginiň tas ýokdugyny hem belledi.

Indi alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu faktorlaryň jemgyýetiň esasan hem gowşak gatlagyna, şol sanda maýyplygy bolan adamlara, garrylara, çagasyny ýeke ekleýän enelere ýetirýän täsirleri ilat arasynda barha köp duýulýar. Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary bu raýatlaryň arasynda dilegçilik etmäge ýa-da zibil dörmäge mejbur bolýanlaryň köpelýändigini yzygiderli habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Häkimiýetler döwletiň maddy kömegine mätäç raýatlaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ýeňiş gününi nähili belleýär?
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär
Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär
Türkmenbaşyda onlarça adam Internetiň tizliginiň pesligine we bahasynyň ýokarylygyna protest bildirdi
Duşenbe Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlanýar