Lebabyň Saýat etrabynda 2 sany täze mekdep ulanylmaga berildi

Lebabyň Saýat etrabynda 2 sany täze mekdep ulanylmaga berildi

1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Täze mekdepleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Mekdeplerde giň we ýagty synp otaglary, lingafon hem-de ders otaglary, sport we maslahat zallary, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri ýerleşdirildi.

Döwrebap kompýuterler hem-de beýleki zerur enjamlar, innowasion tehnologiýalar fizika, himiýa, matematika we beýleki dersler boýunça okuw işlerini netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär.Mekdepleriň her birinde kitaphanalar hem-de okuwçylaryň döredijilik zehinlerini özleşdirmekleri üçin niýetlenen saz otaglary bar.

Oglanlardyr gyzlar zähmet sapagy üçin, degişli enjamlar bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.Täze mekdepleriň abadanlaşdyrylan çäklerinde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalaryny, ylgaw ýodalaryny öz içine alýan sport şäherjikleri bar.

Dabaranyň şanyna bu ýerde, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synplaryň okuwçylaryna “Bilimli” kompýuterleri gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 5,5 müň okuwçy üçin niýetlenen mekdepler açyldy
Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni
Alp Arslan adyndaky drama teatry ýaşajyk tomaşaçylary Täze ýyl ertekisi bilen begendirdi
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Daşoguz welaýaty: maldarçylykda telekeçilik taslamalary we suwdan rejeli peýdalanmak