Lebabyň sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Daýahatyn hakynda kyssany sahnalaşdyrdy

Režissýor Perhat Hudaýberenow Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda “Daýahatyn” rowaýaty esasynda Şöhrat Mäşeripowyň ýazan pýesasynyň esasynda oýun goýdy.Weziriň gyzy Hüýrjan hökümdar Selimhana aşyk bolýar we onuň aýaly Daýahatyndan dynyp, oňa barmagy ýüregine düwýär.

Daýahatyn bilen Selimhanyň bir-birine wepadarlyga ant edip ýazan hatyny Seýit ussanyň ýasan tumaryna salyp goýandygyny bilensoň weziriň gyzy Daýahatyna töhmet atýar. Ýöne dil düwüşige gatnaşanlaryň pyrryldygy paşmaýar: olaryň şyltagyna ynanmadyk Selimhan aýalyny kowmaýar-da, özi köşgi terk edäýýär...

Emma Daýahatyn ykbalyndan zeýrenip, hasrata batyp oturmaýar-da, güýçli ussalalry çagyryp, täze köşk gurup başlaýar. Onuň gurluşygyny tamamlansoň çar ýandan myhman- gonak, adamsynam çagyryp, uly toý berýär. Dana zenanyň parasatlylygy bilen maşgala täzeden dikeldilýär. Daýahatyn haýynlardan ar almaýar-da, olaryň günäsini geçip, geçirimlilik edýär.

Artistleriň zehinli oýnundan, özboluşly režissýorlyk çözgütlerden başga-da oýun goýujy nakgaş Myrat Haýtyýewiň döreden gysbydan çeper bezegleri bu sahna oýnuna sazlaşyklylygy bilen haýran edýär. Ak öýler dikilende ulanylýan uklaryň üsti bilen köşküň girelgesi we daş görnüşi şekillendirilipdir. Edil tomaşaçylaryň gözüniň alnynda köşküň gurulmagygy-da özüne çekiji detal bolup durýar.

Umida Hemraýewa Daýahatynyň, Jelaletdin Sultyýew Selimhanyň, Myrat Hekimow hem-de Gülşat Amandurdyýewa weziriň we onuň gyzynyň keşbini döredipdirler.

Meniň pikirime görä, “Daýahatyn” oýny Perhat Hudaýberenowyň ussat režissýorlygyny görkezýär, ol gözden geçirilişiň “iň gowy režissýorlyk işi” diýen ugurdan baýraga dalaş etmäge mynasypdyr.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Lebap teatry möwsümi Berdimuhamedowyň kitaby esasynda goýlan oýun bilen açdy
17.09.2017 | Aşgabat 2017 oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler
500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar V Aziýadanyň alawyny Aşgabada getirdiler