Lebap teatry möwsümi Berdimuhamedowyň kitaby esasynda goýlan oýun bilen açdy

Lebabyň S.Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň täze möwsümi režissýor Perhat Hudaýberenowyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitaby esasynda goýan “Daýahatyn” spektakly bilen açyldy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň 3-nji sentýabrda habar bermegine görä, eseriň sahna görünşleriniň birinde 11-12-nji asyrlarda Lebap welaýatynyň demirgazygynda, Aziýadan Ýewropa uzaýan kerwen ýolunyň boýunda ýerleşen Daýahatyn galasynda bolan wakalardan söz açylýar.

Ýatladýarys, bu kitap 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda tanyşdyryldy.

TDH 2018-nji ýylyň 10-njy iýulynda dynç alşa çykan prezidentiň onuň dowamyny ýazyp başlandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Daýahatyn hakynda kyssany sahnalaşdyrdy
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar