Lebabyň ýaşaýjylaryna Nowruz baýramyny köpçülikleýin bellemek näbelli sebäpler bilen gadagan edildi

Lebabyň ýaşaýjylaryna Nowruz baýramyny köpçülikleýin bellemek näbelli sebäpler bilen gadagan edildi

19-njy martda Lebap welaýatynyň Garabekewül, Halaç, Amyderýa we beýleki ilatly merkezleriniň ýaşaýjylarynyň Nowruzy köpçülikýein baýram etmegine rugsat berilmedi.

Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Adatça, goňşylar we kärdeşler baýramy bilelikde geçirýärler: sumalak gaýnadýarlar we beýleki tagamlary taýýarlaýarlar, ot ýakyp (bu baýramy otparazlar zamanasyndan, belki-de ondanam owal belleýärler),hiňňildik gurýarlar, aýdym-saz we tans edýärler.

Bu gadaganlygyň COVID-19 garşy göreş bilen baglydygy hem anyk däl. “Ak öýlerdäki” resmi baýramçylyk dabaralary meýilleşdirilişi ýaly geçdi.

Emma, gadaganlyk barada sebitiň ähli ýaşaýjylaryna habar berilmedi.Mysal üçin, Çärjew etrabynyň ilaty entek polisiýa “rugsat edilmedik dabaranyň” öňüni alýança, Nowruzy adatdakylar ýaly baýram etdiler. “Balykçy”, ”Jeýhun” (öňki Komsomol), “Araplar” (öňki Partizan) obalarynda, “Jeýhun”, “Lebap”, “Hajyýew” daýhan birleşiklerinde polisiýa serhoşlary ýa-da hukuk goraýjylaryň hereketinden nägile bolanlary tutup, jerime saldy.

Şol sanda, “Balykçy” obasynyň üç sany ýaşaýjysyna adminstratiw tussaglyk berildi, “Lebap” daýhan bileşiginden 68 ýaşly adama “häkimiýet wekillerine boýun bolmandygy üçin” 250 manat jerime salyndy.Haçanda, polisiýa baýram etmäge ýygnananlara “kim size rugsat etdi?” diýip heňkirende, gartaşan adam “Biz rugsady däl-de, gaýtam, siz baýram etmegi kimiň ýatyrandygy barada resminama görkezmeli.

Bu halkyň hatda, Halkara baýramy” diýipdir.

Bu ertesi gün ýaşulyny polisiýa bölümine çagyrmaga we jerime salmaga ýeterlik bolupdyr.The post Lebabyň ýaşaýjylaryna Nowruz baýramyny köpçülikleýin bellemek näbelli sebäpler bilen gadagan edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
Balyk bahalary 'azyk howpsuzlygynyň arzuw bolandygyny' görkezýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gyrgyzstanda Baýraktar TB2 Üçin Wideo-Klip Taýýarlandy
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr