Lebap - Daşoguz arasyndaky 'ýolsuz ýollar' ýolagçylaryň janyny töwekgelçilige salýar

Lebap - Daşoguz arasyndaky 'ýolsuz ýollar' ýolagçylaryň janyny töwekgelçilige salýar

Türkmenistanda soňky otuz ýylda gurlan we döwrebaplaşdyrylan uly ýollara, uzaldylan demirýol ulgamlaryna, satyn alnan täze uçarlara we ulanmaga berlen döwrebap howa menzillerine, täze awtobuslara we taksilere garamazdan, ilatyň ýurt içindäki gatnaw mümkinçilikleri ösýän talaplary ödärden gaty pes diýip, Azatlyga gelip gowuşýan habarlarda, maglumatlarda delilli gürrüň edilýär. Ýurt içinde we ýurt daşyna hereket azatlygy çäklendirilen, kanunda kepillendirilen hukuklaryndan onlarça ýyl bäri mahrum bolýan adamlar, başga alaç tapman, garaşsyz metbugat arkaly seslerini eşitdirmäge çalyşýarlar.

Ýerli synçynyň ýurtdaky otly gatnawlary we bu meselede goňşy Özbegistanda bolýan özgerişler barada iberen maglumatyndan soň gelen seslenmeleriň birinde aýdylmagyna görä, otly gatnawy bolmansoň, Lebap sebiti bilen Daşoguz sebitiniň arasyndaky gatnaw esasan taksi hyzmatlaryna daýanýar.

“Lebapdan Daşoguz welaýatyna gidýän taksileriň kireýi gymmat bolsa-da, olardan peýdalanmak has amatly.Bu taksiler adam başyna 300-350 manat aralygynda hak alýar.Iň gowy ýeri bolsa, taksi eýesine jaň edip, gitjek wagtyňy, eliňdäki ýüküň agramyny aýdyp, gürleşip bilýärsiň.

Olar gelip, ýaşaýan jaýyňdan alyp gidýär we Daşoguzda islän ýeriňe eltip düşürýär.Bizde bir şu gatnaw hereket edýär” diýip, Azatlyga pikirini aýdan ýaşaýjy Türkmenistanda gatnaw meselesinde dörän agyr ýagdaýy Özbegistandaky ýagdaý bilen deňeşdirýär.

“Özbegistanda näçe welaýat bar, her welaýat bilen arada howa gatnawy, transport gatnawy hereket edýär. Türkmenistanda bolsa, bary-ýogy bäş welaýat bolup, şolaryň arasynda hem döwrebap göni gatnaw mümkinçilikleri döredilmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýdýar.

Arkadag şäherine gatnajak elektrik otlusy barada çykan resmi habardan soň Azatlyk bilen gürleşen aşgabatly ýaşaýjynyň pikirine görä, Türkmenistanyň durşuna elektrik otlularyna geçmegine bireýýäm wagt boldy.

Ýöne ol bu meselede soňky otuz ýylda satyn alnan uçarlaryň, gurlan täze howa menzilleriniň hem uly rol oýnap biljekdigini, emma hökümetiň bu ugurdaky iş ukybyny häzirlkiçe gaty pes hasaplaýandygyny hem sözüne goşdy..

“Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň arasyndaky gatnaw, soňky dört ýylda, howa gatnawynyň doly ýatyrylmagy bilen, has ýaramazlaşdy. Bu iki sebitiň ilaty örän ýakyn gatnaşyk saklaýar. Häzir göni demirýol, awtobus gatnawlary hem ýok” diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe ýaşaýjy ýagdaýyň gowulaşmaýandygyny tassyk etdi.

Türkmenistan, synçylaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, ýolagçy gatnawynyň kanun esasynda, doly diýen ýaly hususyýetçileriň eline geçmegine dürli emeli kynçylyklary döretdi we bu ýagdaý hem halkyň, hem ýurduň ykdysady zyýanyna boldy.

Daşoguz bilen Lebap arasyndaky ýolagçy gatnawynyň bikanun ýagdaýda işleýän hususy taksilere baglanyp galmagy hem döwletiň ulanýan emeli çäklendirmeleriniň netijesi bolup görünýär.

Häkimiýetleriň hususy taksilere garşy durmagy, bir tarapdan, ýurtda köpelen, ýöne anyk sanlary gizlin saklanylýan ýol hadysalary sebäpli, adamlaryň howpsuzlyk aladalary bilen düşündirilýär. Ýöne para beren adamlar, polisiýa bilen dil tapyşýan sürüjiler hususy taksilere girizilen gadaganlygy ap-aňsat bozup bilýärler we bu ýerde taksilere bolan zerurlyk, talap hem uly rol oýnaýar.

“Hususy takside, Gazojakdan geçip, Lebapdan Daşoguz sebitine çenli gitmek howply bolmagynda galýar. Adam başyna pul töläp, ýüki ýeten, üsti adamdan doly hususy awtoulaglarda ýola çykan ýolagçylar käte ýol hadysalaryna uçraýar. Olaryň arasynda ýogalýany hem maýyp bolup galýany hem bar” diýip, ýagdaýy gowy bilýän ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Gazojakdan aňryk gara ýol ýok, diňe bez darožiýa, takyr ýol...Bu ýollary wagtal-wagtal gum basýar.Taksi sürüjiler bu hili ýerlerden geçenlerinde, batyp galmajak bolup, ulagy batly sürmeli bolýarlar.

Bu ýagdaýda ýolagçylaryň howpsuzlygyna hiç bir kepillik ýok. Ýolsuz ýolda awariýa bolsa, lukmançylyk kömegine ýa adatdan daşary gullugyň işgärlerine hem jaň edip bolmaýar.Sebäbi bu ýerde “Altyn asyr” mobil aragatnaşygy tutmaýar.

Ýöne, bu aladalara garamazdan, hatarly ýolda gatnaýan taksileriň müşderisi azalmaýar. Bu müşderileriň köpelmeginiň ýene bir sebäbi, esger ogullarynyň yzyndan barýan ene-atalar ýa-da Daşoguzdaky aýallar türmesinde jeza çekýän zenanlaryň yzyndan barýan adamlar bilen düşündirilýär.

“Esgerleriň ýa tussaglaryň yzyndan barýan adamlaryň ellerinde goşlary köp bolýar. Olar otly bilen Aşgabada baryp, soň Daşoguz şäherine aşjak bolsa, üç gün wagt ýitirýär, has kän çykdajy çekýär. Alyp barýan azyklary hem zaýa bolýar. Onsoň, howply hem bolsa, 10-11 sagat takside oturanyň amatly görünýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Türkmenabatda Daşoguz sebitine gatnaýan taksileriň durýan ýeri bar, ol taksiler mümkin bolsa gaçak ýoldan, bolmasa polisiýa para berip, günde hem öz janlaryny, hem ýolagçylaryň janlaryny töwekgellige salýarlar diýip, synçy adamlaryň Gazojakdan geçilenden soň, içlerinden doga-dileg edip oturýandyklaryny, Alladan penakärlik soraýandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary türkmenistanlylaryň ulag, gatnaw kynçylyklary, ýollarda bolýan heläkçilikli ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýärler, emma resmi Aşgabat bu habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Awtoulag sergisi geçirildi
40 ýyllygyna bagyşlandy
Baýramalynyň käbir obalarynyň ýaşaýjylary ýol batgasyndan kösenýärler
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
Ýolsuz ýerden ýöreýär
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy