Lebap welaýatynda hassahanalaryň durky täzelendi

Lebap welaýatynyň Dänew hem-de Saýat etraplaryň merkezlerinde Bäş ýol hususy kärhanasy tarapyndan durky täzelenen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan döwrebap hassahanalar Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Etraplaryň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek bu hassahanalarda keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredilendir.Durky täzelenen hassahanalaryň ikisinde hem Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Italiýa we beýleki döwletleriň dünýä belli kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň 200-den gowragy oturdylypdyr.

Olardan tomografiýa, rentgen, ultrases, EKG, laboratoriýa-barlag we beýleki kämil enjamlary görkezmek bolar.Hassahanalaryň hersine berlen, zerur lukmançylyk enjamlary oturdylan, gaýragoýulmasyz ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen Toýota kysymly awtoulaglar bu ýerlerde öňden bar bolan Tiz kömek awtoulaglarynyň üstüni ýetirer.

Raýatlarymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Dänew etrap hassahanasy 154 näsag üçin niýetlenendir we bu ýerde lukmançylyk ugurlarynyň ählisini öz içine alýan 11 sany bölüm hereket eder. Şeýle hem bu ýerde 360-a golaý saglygy goraýyş hem-de dolandyryş ugry boýunça işgärler öz saglyklaryny bejerdýän raýatlarymyzyň hyzmatynda bolarlar.

Hassahanada zähmet çekjek saglygy goraýyş işgärleriniň 103-si lukmanlar, 121-si şepagat uýalary, 60-sy bolsa kiçi şepagat uýalarydyr.

Durky täzelenen Saýat etrap hassahanasy hem 150 näsaga niýetlenip, onda dürli ugurly bölümleriň 10 sanysy saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlarymyza hyzmat eder. Şeýle hem hassahanada işgärleriň jemi 335 sanysy bolup, olaryň 77-si lukmanlar, 151 sanysy şepagat uýalary, 56-sy bolsa kiçi şepagat uýalarydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
Diňle: Çukanaly magistral adam pidalaryna getiren ýol hadysasyna sebäp boldy
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Daşogzuň ýangyç guýulýan stansiýalarynda A-95 markaly benzin tapdyrmaýar
Gara reňkli awoulaglaryň “gara günleri”
22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi