Lebapda dizel ýetmezçiligi gaýtadan ýitileşýär

Lebapda dizel ýetmezçiligi gaýtadan ýitileşýär

Lebapda dizel ýangyjynyň ýetmezçiligi gaýtadan ýitileşýär. Şu günler welaýatyň ýangyç guýýan beketleriniň diňe birnäçesinde dizel satylýar. Ýerli sürüjiler bu beketlerde nobata durýan ulaglaryň sanynyň aşa köpdügini belläp, olardan ýangyç almagyň tas mümkin däldigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Häzir welaýatyň diňe iki ýangyç bekedinde dizel satylýar. Olaryň biri Farap gümrük nokadyndan geçip, Türkmenabada gaýdýan ýoluň ugrunda, beýlekisi Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrunda ýerleşýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýeňil awtoulag eýesi anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýerli sürüjiler gürrüňi edilýän iki bekediň daşary ýurt ýük ulaglarynyň üstaşyr geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşýändigini belläp, bularda ulaglaryna dizel guýmak mümkinçiliginiň tas ýokdugyny aýdýarlar.

“Bu ulaglar biri-biriniň yzyndan yzygiderli nobata durýarlar. Olaryň sany onlarça bolup, bu ulaglaryň arasyna girmek mümkin däl. Olaryň nobaty juda uzaga çekýär. Olaryň yzyndan nobata durup, dizel guýdurjak bolsaň, azyndan bir sagat, belki ondan hem köp wagt garaşmaly bolýar” diýip, lebaply sürüji aýtdy.

Ýerli häkimiýetler welaýatyň beketlerinde dizel üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy barada hiç hili düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Azatlyk bu barada “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden kommentariý hem alyp bilmedi.

Ýöne ýerli beketleriň birnäçe işgäri häzir sebitde dizel gytçylygynyň ýitileşýändigini, şol sebäpli bar bolan ýangyjyň öňürtilik bilen daşary ýurt ýük ulaglarynyň geçýän ýolunyň ugrundaky beketlere goýberilýändigini aýdýar.

“Olar birden dizel tapmasalar, şähere giräýmesinler diýip, üstaşyr ýük ulaglarynyň geçýän ýolunyň ugrundaky beketlere dizel goýberilýär. Ýöne häzir daşary ýurt ýük ulaglarynyň sürüjileri hem bu dizel ýangyjyndan diňe 300 litr satyn alyp bilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda ýangyç gytçylygy soňky üç aýa golaý wagt bäri dowam edýär. Bu gytçylyk esasan ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitlerinde, Lebapda we Balkanda has-da ýitileşdi.

Şu aýyň başynda Lebapdaky habarçymyz welaýatyň ýangyç guýýan beketlerinde dizel üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýyň birneme gowulanýandygyny, ýöne ýerli ýük ulag sürüjileriniň täze bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar beripdi.

“Türkmennebitönümleri” baş müdirligi ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygy hem-de onuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýär.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, umumy bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada dowamly habar berýär, ýöne ýurtdaky ýangyç gytçylygyny agzamaýar.

TDH-nyň 13-nji noýabrda beýlekiler bilen bir hatarda, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen önümleriň daşary ýurt işewürlerine satylandygy we olaryň jemi bahasynyň ABŞ-nyň 29 million 492 müň dollaryndan gowrak bolandygy habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda dizel gytçylygy ýitileşýär, häkimiýetler çäkli üpjünçiligi ýola goýýar
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Boldumsazda bolan ýol hadysasynda dört adam öldi
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Lebapda bir aýlap Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär
Lebapda hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirilýär, ilata köpçülikleýin sanjym edilýär