Lebapda howpsuzlyga we ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik pugtalandyrylýar

Lebapda howpsuzlyga we ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik pugtalandyrylýar

Türkmenistan Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýarka şu ýyl häkimiýetler howpsuzlyk düzgünleriniň we ýangyn howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilişine ünsi güýçlendirdiler. Hususy edara-kärhanalarda, şol sanda kafe-restoranlarda yzygiderli barlag geçirilýär. Hojalyklaryň her birine ýangyn howpsuzlygy talaplary düşündirilýär. Azatlygyň habarçysy Lebapdaky soňky ýagdaýlar barada habar berýär.

Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşmagy bilen Türkmenabatda we Çärjew etrabynda ýerli polisiýa we ýangyn gullygy güýçlendirilen iş tertibine geçirildi.

Şäherde polisiýa işgärleri adaty wezipe borçlaryndan başga her bir kafe, bar ýa-da restorana baryp görýär we tertip-düzgüniň bozulmazlygyna gözegçilik edýär. Polisiýa işgärleri spirtli içgileriň satylmagynyň gadaganlygy barada duýduryş berýär.

Şeýle-de, polisiýa işgärleri baýramçylyk günlerinde kafe, barlarlar we restoranlar ýaly kärhanalaryň agşam sagat 21:00-dan artyk işlemeli däldigini biznes eýelerine habar berýärler.

Gözegçilik çäreleri we iş wagtynyň çäklendirilmegi spirtli içgileri satýan dükanlara hem degişli. Edilýän talaba görä, alkogol satýan söwda nokatlary 25-jni dekabrdan başlap, sagat 21:00-da ýapylmaly.

Döwlet dükanlarynyň isleýän sagady has gysga, olar 20:00-da ýapylýar.

Bu aralykda Lebapda ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik edýän gulluklaryň işgärleri hojalyklara aýlanýar.

"Ýangyn gullugy her hojalyga, her öýe girip, duýduryş kagyzlaryny paýlap çykýar. Mundan başga-da, birnäçe düzgüni berjaý etmegi dilden talap edýär. Ýagyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri 31-nji dekabrda ot ýakmak, otaglardaky täze ýyl arçalaryň yşyklandyryş girlýandalary gözegçilikde düşürmek, salýut-feýerwerklerini atmak we elden ýasalan petardalary ulanmak gadagan diýip, duýduruş berýär" diýip, habarçymyz aýdýar,

Türkmenabadyň ýagyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri köp gatly jaýlardaky her bir öýüň gapysyny hem ýekeme-ýeke kakyp, duýduryş berip çykýar. Ýaşaýjylara balkonlarda ot ýakmak, çişlik bişirmek hem gadagan edilýär.

"Eger-de goňşularyň balkonynda ot ýakylsa, onda "01" nomere jaň edip goňşym ot ýakýar diýip, jaň etmeli. Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri ýaşaýjylara habar bermegi tabşyrýarlar" diýip, habarçy aýdýar.

Oba ýerlerinde-de ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik güýçlendirilýär. Adamlardan köçelerde ot ýakmazlyk, feýerwerk atmazlyk talap edilýär. Gözegçilige oba ýaşululary çekilýär.

Obalarda hususy kärhanalaryň, dükanlaryň, awtoulag bejerýän kärhanalaryň, dellekhanalaryň işi sagat 20:00-da gutarmaly edildi. Bu talabyň berjaý edilişine ýerli polisiýa bölüminiň işgärleri berk gözegçilik edýär. Talaby bozanlara jerime salynýar.

Täze ýylyň öňüsyrasynda häkimiýetler ýangyn howpsuzlygyna gözegçiligini soňky iki ýyl bäri has güýçlendirdiler, ilata ot ýakmak, pirotehnikany ulanmak gadagan edildi.

Dilden edilýän bu talabyň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmedi, emma bu çäreler iki ýyl mundan ozal elde ýasalan petardalardan heläk bolmagyna degişli ýagdaýlaryň köpelmeginiň yzýany başlandy. Mekdep okuwçylaryndan petardalary ulanmazlyk barada berk talap edilýär, ene-atalardan çagalaryna gözegçilik etjegi barada dil haty alynýar.

Türkmenistanda howpsuzlyga gözegçilik adatça her bir baýramçylygyň öňýany artýar. Spirtli içgileriň söwdasy çäklendirilýär, köçe-ýol hereketi we raýatlaryň agşamlaryna öýlerinden çykmagy çäklendirilýär. Şeýle-de, ýurduň beýleki ýerlerinden gelip uly şäherlerde işleýänler kowulýar, öň türmede oturyp-çykanlar wagtlaýyn tussag astyna alynýar. Üstesine, soňly iki ýylda ilata Täze ýyly kafe-restoranlara bellemezlik tabşyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serbiýadaky we Bosniýa-Gersegowinadaky söwda merkezilerinde ýangyn boldy
Ýewropa gar ýagdy
Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi
Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi
Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti