Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çäginde Internet üpjünçiliginiň hili ýene ýaramazlaşyp, tizligi pese gaçdy. Ilaty Internet bilen üpjün edýän kärhananyň ýerli edaralarynda nägilelik bildirýän ýaşaýyjylar köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 24-nji noýabrda Lebapdan we Daşoguzdan maglumat berdiler.
“Geçen hepdäniň başyndan bäri Türkmenabatda ne mobil, ne-de öý Internetleri kadaly işleýär. Olaryň tizligi juda peseldi. Hiç bir saýta girip, hiç kim bilen habarlaşyp bolmaýar. Internet akymy durnuksyzlaşdy” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, welaýatyň çäginde işleýän VPN ulgamlary hem petiklenýär. VPN gurnaýjy ussalaryň birnäçesi öz müşderilerine açyp berýän serwerlerini her gün täzelemäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Müşderini bir serwere çatýaň welin, bir-iki sagat geçmänkä serwer petiklenýär. Şeýdip, bir aýdan bäri günümiz petiklemelere garşy söweşmek bilen geçýär” diýip, türkmenabatly vpn gurnaýjy ussa anonimlik şertinde aýtdy.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen Daşoguzyň Görogly etrabynyň ýaşaýjylary hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şu hepdäniň başyndan bäri “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň Internet we mobil hyzmatlarynyň hili juda ýaramazlaşdy.
"Köne enjamlar"“Kärhananyň hünärmenleri problemany etrabyň sütünlerindäki problema, şol sanda mobil tollkunyny ýaýradyjy enjamlaryň köneligi we hatardan çykandygy bilen düşündirýärler. Olar bulary täzelemelidigini, ýöne pul serişdesiniň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly etrap ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda ilata mobil Interneti “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy we öý Internetini “Türkmentelekom”, şol sanda onuň ýerli edaralary “Lebaptelekom” we “Daşoguztelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýalary hödürleýär.
Şu günler türkmenabatlylaryň ençemesi hem “Lebaptelekoma” baryp, Internet üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagyna nägilelik bildirýär.
“Edara barýan adamlar her gün has-da köpelýär. Ýöne edaranyň başlygy her gün ýerinde ýok. Internet tölegini amal etmäge ýardam berýän işgär “Arzyňyz bar bolsa, A4 kagyza ýazyň we bukja oklaýyň. Jogap geler garaşyň” diýýärler” diýip, edara baran ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda ilatyň mobil aragatnaşyk ulgamyndan we Internetden kadaly hem-de erkin peýdalanmak mümkinçiligi ýyllarboýy çäklendirilýär. Ilat mobil aragatnaşyk ulgamynyň kadaly işlemezligi, Internet üpjünçiliginiň kesilmegi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.
Habarçylarymyz gündogar-demirgazyk welaýatlarda bu petiklenmeleri böwsüp geçmegiň täze usullarynyň ýaýbaňlanýandygyny, ýöne munuň ilatyň çäkli bölegi üçin elýeterlidigini belleýärler.
“Az sanly gurply hojalyklar goňşulary bilen goşulyp, pul toplap, Dubaýdan Starlink enjamyny satyn alýarlar. Olar daşary ýurduň bankynda pul goýup, şondan her aýda abonent tölegini geçirip ulanýarlar. Ulanyjylaryň sany örän azlygy sebäpli hökümet bu hyzmatdan peýdalanýanlara häzirlikçe üns bermeýär ýa-da gadaganlyk girizmeýär. Ýöne munuň haçana çenli dowam etjegi belli däl” diýip, ýagdaýlardan habarly daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Lebapdaky habarçymyz hem, ilat arasynda “Starlink” enjamyny ulanyp, Internetden bökdençsiz peýdalanýanlaryň bardygyny aýdýar.
"Hökümetde 'arkasy' bolan"Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiziň sözlerine görä, bu adamlary hökümetde “arkasy” bolan, MHM-e we IIM-ne ýakyn bolan telekeçiler, gurply maşgalalar emele getirýär.
“Öňler aýyna diňe gowy VPN üçin 250 dollar MHM-niň kiber howpsuzlyk bölümine tölärdiler. Gowy tanşy bolan ýa-da maliýe ýagdaýy has gowy bolanlar petiklenmedik Internetden peýdalanardylar. Emma indi daşary ýurtlardan Starlinkiň enjamyny gizlin getirip başladylar. Maňa berlen habara görä, Starlinki ulanmak üçin, komitete [MHM] aýyna 1200 dollar tölemeli” diýip, çeşmämiz belledi.
Onuň sözlerine görä, ýurtda gadagan edilen “Starlik” enjamyny ulanýanlar ýokary tizlikli Internetden peýdalanyp, Netflix, YouTube ýaly saýtlara bökdençsiz girip bilýärler.
“Öýünde Starlinki bar tanşym gözümiň öňünde YouTube-y açyp, Azatlyk Radiosynyň kanalyny görkezip güldi-de, Puluň bolsa, ähli zady çözüp bolýar diýip aýdýar. Adaty halk bolsa, daşary ýurtlarda okaýan we zähmet çekýän çagalary bilen wideo jaň arkaly gürleşip bilenok” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli sebit häkimiýetlerinden, şol sanda “Lebaptelekom” we “Daşoguztelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýalaryndan teswir alyp bilmedi.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň hökümeti dünýäde öz ilatyna iň pes tizlikli Internet üpjünçiligini hödürlemekde tanalýar.
Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň Internet üpjünçiligindäki meseleler barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.