Lebapda we Maryda köp hojalyk çagalaryna berilýän pul sowgadyny dükan bergilerine berýär

Lebapda we Maryda köp hojalyk çagalaryna berilýän pul sowgadyny dükan bergilerine berýär

Lebap we Mary welaýatlarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlaryň belli bir bölegine prezidentiň adyndan pul sowgatlary gowşurylyp başlandy. Köp hojalyk çagalaryna berilýän 60 manady dükan bergilerine berýär. Aýal-gyzlaryň ençemesi bolsa, özleriniň hem bu ýurduň raýatydygyny aýdyp, özlerine pul sowgadynyň berilmezligine nägilelik bildirýär.

Bu aralykda, döwlet telewideniýesine öňünden reportažlary taýýarlamak üçin çäreler geçirilip, olarda aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan pursatlary ýazgy edildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 5-nji martda Lebapdan we Marydan maglumat berdiler.

“4-nji martda Türkmenabat şäheriniň tas ähli edara-kärhanalarynda, çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde aýal-gyzlara 60 manat pul sowgady gowşuryldy. Edara-kärhanalarda hasapçylar işgäriň familiýasynyň bellenen ýerine gol çekdirip, 60 manady nagt görnüşinde paýladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Şu günler Maryda hem şuňa meňzeş ýagdaýlary synlasa bolýar. Başlangyç synplarda okaýan çagalaryň we çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň ene-atalaryndan pasportly gelip, ýörite kagyza gol çekip, pul sowgadyny alyp gitmek talap edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri bolşy ýaly, şu ýyl hem 8-nji martda aýal-gyzlaryň belli bir bölegine pul sowgatlaryny bermegi buýurdy. 23-nji fewraldaky karara laýyklykda, 60 manat möçberindäki serişde 1-6-njy mart aralygynda gowşurylmaly edildi.

Ýöne bu sowgat, öňki ýyllaryň tejribelerine laýyklykda, öý hojalykçy aýal-gyzlara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle-de hususy kärhanalarda işleýän zenanlara berilmeýär.

Döwlet edarasynda işlemeýän ýa-da okamaýan maryly aýal-gyzlaryň ençemesi özlerine pul sowgadynyň berilmezligine nägilelik bildirýär.

“Biz pul sowgady bu sapar bize-de berler diýip garaşdyk, ýöne ýene-de umydymyz puç boldy. 60 manat köp pul däl, ýöne bu ýerde aýal-gyzlar ikä bölünýär.

Mesele şunda.Biz işlemesek-de, okamasak-da, biz hem şu ýurduň raýatlarydyrys.Biz oba hojalygynda zähmet çekip, ýa-da başga işlerde işläp, ýurdumyza goşant goşýarys” diýip, maryly öý hojalykçy zenan anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanda dollaryň iki bahasy bolup, sowgat beriljek 60 manat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 3 dollara golaý serişde bolýar.

Habarçylarymyz sowgadyň mukdarynyň ujypsyzdygyny, ýöne ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda gurpdan düşen köp maşgalanyň bu pula hem mätäçdigini aýdýarlar.

“Köp maşgalada çagalara berilýän pul çaganyň özüne berilmeýär. Ene-atalar olara öýe gerek bolan harytlary satyn alýarlar ýa-da dükanlara öňden karzyna satyn alan harytlarynyň bergilerini berýärler” diýip, maryly ene şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Bu aralykda, döwlet telewideniýesine öňünden reportažlary taýýarlamak üçin çäreler geçirilip, olarda aýal-gyzlaryň 60 manady maňlaýyna sylyp alýan pursatlary ýazgy edildi.

Şeýle çäreleriň biri 4-nji martda Türkmenabat şäher häkimliginiň uly zalynda geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň zenan işgärleri bilen bir hatarda, talyp gyzlar mejbury gatnaşdyryldy.

“Olaryň pul konwertini alyp, maňlaýyna sylýan pursatlary ýazgy edildi. Çäre ýazgy edilende, oturan aýal-gyzlardan diňe ýylgyryp durmak we konwert gowşurylanda, iki eliňi galdyryp, çapak çalmak talap edildi. Çäräni dolandyrýan işgärler Çapak çalyň, ýylgyryň’ diýip, gygyryp durdular” diýip, çärä gatnaşan türkmenabatly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Şeýle-de, çärä gatnaşan aýal-gyzlaryň eginbaşyna berk üns berildi. Olaryň eşikleri gözden geçirilip, olar zala ýekeme-ýeke goýberildi.

“Gelinleriň nädip ýaglyk daňandygyna, gyzlaryň nädip tahýa geýendigine hem berk üns berildi. Ýaglykdan sähelçe saçy çyksa, onda dessine saçyny toplap, ýaglygy gaýtadan dakmagy talap etdiler. Çäre geçirilýän mahaly, oturgyçlarda oturan aýal-gyzlaryň aýakgaplary görünmez ýaly bellik etdiler” diýip, türkmenabatly býujet işgäri belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Lebabyň we Marynyň häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz aýal-gyzlara uly dabara bilen gowşurylýan we türkmen metbugatynda “ýurtda aýal-gyzlara goýulýan hormatyň nyşany” hökmünde mahabatlandyrylýan 60 manat pul sowgadyna häzir nämäniň düşýändigini anyklady.

“Muňa bir sany dezodorant ýa-da şampun satyn alyp bolýar. Azyk önümlerinden bir guty ýumurtga düşýär. 30 sany ýumurtga 60 manat bahalanýar ýa-da bu pula bir sany kolbasa satyn alyp bolýar. Ýöne bu pula bir sany tort hem düşmeýär. Iň ýönekeýje tortlaryň bahasy 100 manatdan başlanýar. Olaryň bahasy 250 manada çenli ýetýär” diýip, habarçymyz belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar
Ýolbaşçylar ýüzünde Berdimuhamedowlaryň suraty bolan goşar sagatlaryny satyn almaga mejbur edilýär
Aşgabatda býujet işgärlerinden we talyplardan mejbury saglyk barlagy üçin pul toplanýar
Lebaplylaryň onlarçasy sowet döwründäki iş stažyny tassyklaýan kepilnamany alyp bilmeýär
Türkmenabatda jemgyýetçilik transportynyň amatsyzlyklary ýerli ýaşaýjylaryň gatnawyny kynlaşdyrýar
Býujet işgärleri palestin halkyna iberilýän haýyr-sahawat kömegine goşant goşmaga mejbur edilýär