Lebapdaky mekdep uçurymlarynyň ene-atalaryna daşary ýurtlarda okamak üçin döwlet maksatnamalary boýunça maliýeleşdirilmäniň çäklendirilýändigini yglan etdiler

Lebapdaky mekdep uçurymlarynyň ene-atalaryna daşary ýurtlarda okamak üçin döwlet maksatnamalary boýunça maliýeleşdirilmäniň çäklendirilýändigini yglan etdiler

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 4-nji mekdebini tamamlan uçurymlaryň ene-atalaryna türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda okamagy boýunça döwlet maksatnamalaryny maliýeleşdirmegiň çäklendirilendigini habar berdiler.

Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

“Soňky jaň” kakylmazdan öň etrap häkiminiň bilim boýunça orunbasary, etrabyň bilim bölüminiň başlygy we polisiýanyň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary uçurymlaryň ene-atalary bilen duşuşdylar.

Häkimiň orunbasary ene-atalara okuwyny dowam etdirmekçi çagalarynyň ýerli ýörite orta we ýokary okuw jaýlaryna girmegini maslahat berdi.

“Şu ýyl döwlet maksatnamalary boýunça daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna okamak üçin orunlar ep-esli kemeldilýär. Bu ilkinji nobatda ýer ýüzünde koronawirus keseliniň giň ýaýramagy sebäpli, ykdysadyýetiň peselmegi bilen ilteşikli” diýip çinownik zenan aýdýar.

Duşuşyga gatnaşanlaryň biri “çagalary öz hasabyňa daşary ýurtlara okuwa ýollamak mümkinmi” diýip sorapdyr.

Oňa häkimiň orunbasary “Siz nämäniň pikirini edýärsiňiz? Biziň eýýäm, okuwyny tamamlanlary yzyna getirmegiň ýollaryny tapmagymyz zerur. Täze ýaşlary ýollamak näme diýmek. Islendik ýagdaýda çagaňyzy daşary ýurtlara okuwa ibermek üçin özüňiz bilim ministrliginden we DIM-den rugsat almaly bolarsyňyz” diýipdir.

Hakykatda, bilim ministrligi biregne ençeme ýyldan bäri daşary ýurtlara okuwa gitmek isleýänleriň gutardyş şahadatnamasyny tassyklaýan güwänamany berýär.

Bu ýygnakdan soňra ene-atalar bilen bilikde dabara geçirildi we “soňky jaň” kakyldy.

Mekdebiň edarasy dabara gatnaşýanlara ýüz örtgüsiz bolmagy soradyThe post Lebapdaky mekdep uçurymlarynyň ene-atalaryna daşary ýurtlarda okamak üçin döwlet maksatnamalary boýunça maliýeleşdirilmäniň çäklendirilýändigini yglan etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

TOGG Türkiýede Iň Köp Isleg Bildirilen SUW
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
Ysraýyl Ozal Howpsyz Zolak Hökmünde Yglan Edilen Sebitiň Boşadylmagyny Isledi
Himiýa hünärmeni: Türkmenabatda hojalyk we agyz suwunyň hili pes, talhlygy ýokary
Gama we Resmi kepil kompaniýalary logistika ätiýaçlandyryşy boýunça duşuşyk geçirdiler
Iň köp gepleşilýän diller
Azerbaýjan, BRICS-e Agza Bolmak Isleýär