Lebapgazçykaryş ýyllyk meýilnamany bir aý öň ýerine ýetirdi

Lebapgazçykaryş ýyllyk meýilnamany bir aý öň ýerine ýetirdi

Türkmengaz döwlet konserniniň Lebapgazçykaryş müdirliginiň wekilleri 2023-nji ýylyň tebigy gazy gazyp almak boýunça meýilnamany möhletinden bir aý öň ýerine ýetirdiler. Bu barada Nebit-Gaz gazetinde habar berildi.

Umumylykda alanyňda, Lebapgazçykaryş müdirliginiň geçen ýylky meýilnamasy 9 milliard 875 million 120 müň kub metre barabardy. Noýabr aýynyň ahyryna öndürilen tebigy gazyň mukdary 9 milliard 964,6 million kub metre ýetdi.

Munuň özi 11 aýda ýyllyk meýilnamanyň 103 göterim amal edilendigini görkezýär. Mundan başga-da, kärhana nebiti gaýtadan işleýän zawoda 36 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny hem iberdi.

Malaý gaz ýatagynyň işgärleri on bir aýyň dowamynda 5,9 milliard kub metr tebigy gaz çykaryp, umumy meýilnamanyň wagtyndan öň amal edilmegine uly goşant goşdular. Şeýle ýokary görkeziji täze gaz gysyjy stansiýanyň işe girizilmegi netijesinde gazanyldy. Bu gaz ýatagyndan alnan çig mallaryň ep-esli bölegi Türkmenistan — HHR gaz geçirijisi arkaly Hytaýa iberilýär.

Ýeri gelende bellesek, tebigy gazyň ýataklarynda işler depginli dowam edýär. Netijede, mawy ýangyjyň gündelik öndürilýän mukdary ortaça 30,5 million kub metr derejede saklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistan Hytaýa ýanwar — mart aýlarynda 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny iberdi
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi