Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde iş saparynda bolup, V Bütindünýä media-sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň media düzümleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygyny bellemek ýakymly.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigini we hormatly Prezidentimiziň halkara giňişliginde adamzadyň abadançylygyna, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen teklipleriniň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Türkmen wekiliýetiniň HHR-de geçirilýän Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

V Bütindünýä media-sammitiniň umumy mejlisiniň açylyş dabarasyna Hytaýyň hökümetiniň we HHR-iň Guandun welaýatynyň ýokary wezipeli wekilleri, Sinhua habarlar agentliginiň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy kommunikasiýa boýunça orunbasary hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri habarlar agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onuň dowamynda dünýäniň media gatnaşyklarynyň ösüş derejesine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi we mejlisiň gün tertibine tutuş adamzat ähmiýetli meseleler girizildi. Şunda adam mümkinçiliklerini öňe ilerletmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini çözmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň media düzümleri halkara ähmiýetli meseleleri çözmäge we bu ugurda degişli başlangyçlary taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibinde gozgalýan meseleleriň oňyn çözülmeginiň baş şertini emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Türkmen wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady