Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde geçiriljek FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Miweleriň we gök önümleriň iň uly sergisi TIF HELEXPO tarapyndan gurnalyp, ol şu ýylyň 11-13-nji apreli aralygynda Saloniki şäherinde ýerleşýän Halkara sergi merkezinde geçiriler. Bu barada TSTB duşenbe güni habar berdi.

Serginiň dowamynda dürli görnüşli miweler we gök önümler, organiki önümler, gaplama we standartlaşdyrma üçin niýetlenilen enjamlar we materiallar, ulag we logistika kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary, hil gözegçiligi boýunça barlaghanalaryň işleri görkeziler.

Şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Hytaýyň Guançžou şäherinde geçiriljek 135-nji “Canton Fair” Halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen işewürleri Guançžouda geçiriljek “Canton Fair” ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň telekeçileri Kanton ýarmarkasy atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Papa Leo XIV ilkinji daşary ýurt sapary bilen Türkiýä geldi
800-nji uçaryny öndürdi
HÜRJET ylalaşygy Türkiyäniň goranyş eksportynda taryhy öňegidişligi alamatlandyrýar
Bir hepdede 148 uçar sargyt edildi