Iki koridorly ilkinji ýolagçy uçary

Iki koridorly ilkinji ýolagçy uçary

1970-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda “Pan American Airways” kompaniýasy iki koridorly ilkinji ýolagçy uçary bolan “Boeing 747” bilen Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky aeroportyndan Londonyň Hitrou aeroportuna ilkinji gatnawyny amala aşyrýar.

Giň koridorly bu uçarlar iki gatly bolup, ýokarky gaty aşakysyndan has kiçi we kelte.Howa gämisiniň ýokarky gatynda bir koridorly bolup, her iki tarapynda üç-üçden, keseligini jemi 6 ýolagçy oturgyjy göz öňünde tutulan. “Jumbo jet” ady bilen tanalýan bu uçarlarda pilotyň oturýan ýeri ýokarky gatyň öň tarapynda ýerleşdirilipdir.

Esasy gat bolsa aşakda ýerleşip, iki koridorly bu kabinada keseligine jemi 10 ýolagçy oturgyjy bar.Uçaryň ýük daşamaga niýetlenen görnüşi bolsa, bölüp bolmaýan, has uly bitewi zatlary daşamaga mümkinçilik berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan “C5+1” işewürlik maslahatyna gatnaşdy
ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy
Film bilen bagly ilkinji açyşlar
54 ýyldan soňra Aýa syýahat
“Valentino” moda öýiniň esaslandyryjysy Walentino Garawani aradan çykdy
Floridanyň uçuş merkezine geldiler