ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy

ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy

ABŞ-nyň administrasiýasy ýurda girmek üçin arza tabşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň 15000 amerikan dollaryna çenli wiza girewini tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi. Täzelenen sanawa esasan Afrika ýurtlarynyň birnäçesi, şeýle-de Türkmenistan girýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň travel.state.gov web sahypasynda çap edilen maglumata görä, Butany, Botswanany, Merkezi Afrika Respublikasyny, Gwineýany, Gwineýa-Bisauny, Namibiýany we Türkmenistany öz içine alýan jemi ýedi ýurda degişli üýtgetmeler 1-nji ýanwardan güýje giripdir.

Wiza üçin girew tölegleri 5000 dollardan 15000 amerikan dollaryna çenli bolup biler. ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu çäräniň wiza bozulmalaryny, şol sanda daşary ýurtlularyň wizalaryň möhletini geçirip ýurtda galmagyny azaltmaga gönükdirilendigini aýdýar.

Wiza kepilnamasynyň şertleri wiza girewiniň formasynda (Içerki Howpsuzlyk ministrliginiň I-352 Immigrasiýa kepilnamalarynyň formasy) we Travel.State.Gov saýtynda görkezilýär.

Düzgüniň talaplaryMaglumata görä, wiza girewiniň tölenmegi wizanyň berilmegini kepillendirmeýär. Wiza ret edilse, töleg gaýtarylyp berilýär. Şeýle-de, wizany soraýan adam ABŞ-da galmagyň ähli şertlerini ýerine ýetirse, girew tölegi gaýtarylyp berilýär.

"Içerki Howpsuzlyk Departamenti wiza eýesiniň wiza kepilliginiň şertlerini bozan bolmagy mümkin bolan ýagdaýlary ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa Hyzmatlaryna (USCIS) iberer. Bu bozulmanyň bolandygyny ýa-da bolmadykdygyny anyklamak üçin edilýär" diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistany öz içine alýan üýgetmeler raýatlaryndan wiza girewi talap edilýän ýurtlaryň umumy sanyny 13-e ýetirýär. Sanawdaky ýurtlaryň köpüsi Afrikada ýerleşýär. Mundan ozal, geçen ýylyň awgust we oktýabr aýlarynda wiza girewi talap edýän ýurtlaryň sanawyna Mawritaniýa, San-Tome we Prinsipi, Tanzaniýa, Gambiýa, Malawi we Zambiýa goşulypdy.

AP agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistan, Botswana, Butan, Gwineýa, Gwineýa-Bisau, Namibiýa we Merkezi Afrika Respublikasy bilen bilelikde 17-nji dekabrynda sanawa goşulyp, düzgün olara 1-nji ýanwardan başlap degişli.

Turkmen.news neşiri sanawdaky ýurtlaryň, şol sanda türkmen raýatlarynyň ABŞ-na diňe üç aeroport arkaly, ýagny Bostondaky Logan halkara aeroporty (BOS), Nýu-Ýorkdaky Jon F. Kennedi halkara aeroporty (JFK) we Waşington Dulles halkara aeroporty (IAD) arkaly girip-çykyp biljegini belleýär.

ABŞ-nyň Türkmenistanyň raýatlary babatynda girizen wiza girewini talap edýän düzgünleri soňky ýyllarda amerikan wizasyna gyzyklanmasy güýçlenen türkmenistanlylarda seslenme döretdi.

Türkmen raýatlarynyň garaýşy"Türkmenistanyň ýaşaýjylary bu habary bir tarapdan uly tolgunma we uly gyzyklanma bilen kabul etdiler. Olaryň sözlerine görä, ABŞ-nyň häkimiýetleriniň bu meselede hut Türkmenistany şol hasabata goşup, aýdaly, beýleki Merkezi Aziýa döwletlerini goşmazlygy türkmen häkimiýetleriniň iş alyp baryş usullary barada sorag döredýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň biri 7-nji ýanwarda aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-inde işleýän bir çeşmäniň habarçymyza anonimlik şertinde aýtmagyna görä, dünýäniň öňdebaryjy ýurdy ABŞ-nyň girew talabyna Türkmenistanyň hem girizilmegi batly ösýändigini öňe sürýän Türkmenistany iş ýüzünde ösüş derejesi pes, garyp we döwlet institutlary has gowşak bolan döwletleriň hatarynda görülýändigini aňladyp biler.

"Bu habara türkmen häkimiýetleriniň hiç hili reaksiýa bildirmezligi hem iş ýüzünde türkmen režimini dünýä derejesinde hem, ýurt içinde hem umumylyk bilen hakyky durmuşdan düýbünden üzňedigini görkezýär" diýip , DIM-de işleýän bir çeşme aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda ABŞ-nyň administrasiýasynyň ýurda girmek üçin arza tabşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň wiza girewini tölemeli ýurtlaryň sanawynyň giňeldilmegine degişli resmi beýanat dessine çap edilmedi.

Geçen ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12 ýurduň raýatlary üçin ABŞ-a girmegi doly gadagan edip, ýene ýedi ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna çäklendirmeleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu karara “aşa düşünişmezlik” we “alada” beýan edip, beýanat çap edipdi.

Synçylar täze düzgünleriň bu ýurtlaryň raýatlary üçin ABŞ-nyň wizasyny almak prosesini ep-esli kynlaşdyrýandygyna ynanýarlar.

Şeýlelikde, alty aý töweregi wagt bäri hereket edýän Türkmenistanyň raýatlary üçin giriş we täze wiza gadagançylygy bölekleýin aýrylsa-da, ABŞ-a girip bilýän adamlaryň kategoriýasy berk çäklendirildi diýip, Turkmen.news neşiri belleýär.

16-njy dekabrda Ak tamyň ýaýradan beýanatynda ABŞ-nyň Türkmenistanyň raýatlaryna girizilen wiza çäklendirmeleriniň gowşadylýandygy, migrasiýa bilen bagly bolmadyk wizalara salnan gadaganlygyň ýatyrylýandygy aýdylypdy. Şol bir wagtda, Birleşen Ştatlarda hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda Green Card boýunça çäklendirmeleriň saklanyp galýandygy habar berlipdi.

Soňky ýyllarda ABŞ-nyň “Green Card” lotereýasyny utan türkmenistanlylaryň sany esli köpelipdi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň öň çap eden resmi maglumatynda bu san 2023-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 14 esse artypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan global terrorizm reýtinginde iň howpsuz ýurt diýlip ykrar edildi
Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dörediler
24 ýygyndy gatnaşar
GYSGA SETIRLERDE
3 yklym çempionat