Türkmenistan global terrorizm reýtinginde iň howpsuz ýurt diýlip ykrar edildi

Ykdysadyýet we parahatçylyk institity (Awstraliýa) “2018 Global terrorizm Indeksini” dünýä ýurtlarynda terrorçylyk aktiwliklerine baha berilýän barlaglaryň netijelerini çap etdi.

Türkmenistan bu reýtingde terrorizm derejesi boýunça iň bir howpsuz ýurtlaryň biri diýip ykrar edildi we 138 orunly sanawda 138-nji orunda ýerleşýär (aşakda boldugyňza howpsuz). Türkmenistan bilen 138-nji orny ýene 25 ýurt eýeldi we olaryň arasynda Portugaliýa, Litwa, Rumyniýa, Togo, Gambiýa, Namibiýa, Eritreýa, Demirgazyk Koreýa we beýlekiler bar.

Barlagyň awtorlarynyň kesgitlemegine görä, terrorizm “öz syýasy, sosial we dini maksatlaryna zorlugyň we gorkuzmagyň üsti bilenýä ýetýän bikanun guramalaryň howpy ýa-da real güýç ulanmagy” bolup durýar.

Terrorizm boýunça global indeks terrorçylyk aktiwliginiň derejesini ol ýa-da beýleki ýurduň içindäki dört sany esasy görkeziji esasynda kesgitleýär:

Terrorçylyk hadyslarynyň sany.

Wepat bolanlaryň sany

Ejir çekenleriň sany.

Çekilen maddy zyýanyň möçberi.

Mundanam başga, Indeks düzülende terrorçylyk aktiwligi bilen gytaklýayn baglanyşygy bolup biljek başga faktorlaryň hem birnäçesi analizlenilýär.

Ýene degişli makalalar

Täze reýtingde türkmen pasporty 93-nji orunda
Türkmenistan Adam ösüşi indeksi boýunça dünýäde 97-nji orny eýeledi
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary rekord derejesine galýar
"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy