Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dörediler

55 agzadan ybarat bolan Afrika Bileleşiginiň 49 agzasy Afrika yklymynyň erkin söwda zolagyny döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler.Bu barada Bileleşigiň başlygy Pol Kagame habar berýär.

Ruandanyň Prezidenti Pol Kagame bu karar barada Mawritaniýanyň paýtagtynda geçirilen Afrika Bileleşiginiň 31-nji sammitiniň ýapylyş dabarasynda mälim etdi.Günorta Afrika Respublikasy, Sýerra-Leone, Namibiýa, Lesoto we Burundi Afrika yklymynyň erkin söwda zolagyna birikdiler.Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy Afrika Bileleşiginiň azyndan 22 agza döwletiniň parlamentiniň tassyklamagy bilen güýje girer.

Afrika Bileleşiginiň beýanatyna görä, Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy 1,2 milliarddan gowrak ilatly, milli girdejisi 2,5 trillion dollara deň bolan iň iri erkin söwda zolaklarynyň biri bolar.

Ýene degişli makalalar

24 ýygyndy gatnaşar
GYSGA SETIRLERDE
3 yklym çempionat
Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar
Kurtulmuş mawritaniýaly kärdeşi Meguett bilen duşuşyk geçirdi