Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy

Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy

Hytaýda täze optiki-süýümli internet aragatnaşygy işe goýberildi, ol sekuntda 1,2 terabit maglumatlary geçirmäge ukyplydyr. Bu sekuntda HD ülňüdäki 150 sany filmi ibermäge mümkinçilik berýär diýildigidir diýip, South China Morning Post (SCMP) gazetine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Üç müň kilometrden hem geçýän geçiriji Hytaýyň Pekin, Uhan we Guançžou şäherlerini birikdirdi. Ol şu ýylyň iýulynda ähli synaglardan soňra doly bahaly işläp başlady. Taslamany öňdebaryjy hytaý guramalary bolan Sinhua uniwersiteti, China Mobile, Huawei Technologies we Cernet Corporation amala aşyrdylar. Habarda hytaý internet geçirijisiniň amerikan bäsdeşlerinden on esse çalt işleýändigi bellenýär.

Ol Cernet hytaý taslamasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýurduň bilim we ylym merkezleriniň arasynda ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyny ýola goýmagy maksat edinýär. Taslamanyň aýratynlygy onuň üçin ähli programma üpjünçiliginiň we enjamlaryň Hytaýyň özünde öndürilendigi, daşary ýurt kompaniýalaryndan garaşsyzlygy üpjün edýändigi bilen baglydyr.

Ýene degişli makalalar

Toparçalar belli boldy
18-nji Dünýä Kubogy
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy