18-nji Dünýä Kubogy

Basketbol boýunça 18-nji Dünýä Kubogyna şu gün badalga berler.Hytaýda geçiriljek çempionata ilkinji sapar 32 ýygyndy gatnaşýar. 8 toparça paýlanylan toparlaryň duşuşyklary Pekin (“A” toparça), Uhan (“B”), Guançžou (“C”), Foşan (“D”), Şanhaý (“E”), Nankin (“F”), Şençžen (“G”) hem-de Dunguan (“H”) şäherlerinde geçiriler. “A” toparçada Hytaýyň, Kot-d’Iuwaryň, Polşanyň, Wenesuelanyň, “B” toparçada Russiýanyň, Argentinanyň, Koreýa Respublikasynyň, Nigeriýanyň, “C” toparçada Ispaniýanyň, Puerto-Rikonyň, Eýranyň, Tunisiň, “D” toparçada Angolanyň, Italiýanyň, Filippinleriň, Serbiýanyň, “E” toparçada Türkiýäniň, Çehiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, “F” toparçada Gresiýanyň, Braziliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Garadagyň, “G” toparçada Fransiýanyň, Dominikan Respublikasynyň, Germaniýanyň, Iordaniýanyň hem-de “H” toparçada Kanadanyň, Senegalyň, Litwanyň, Awstraliýanyň ýygyndylary duşuşarlar.

Her toparçada 1-2-nji ýeri eýelänler 2-nji tapgyra çykar.Olar bu ýerde-de 4 toparça bölüner.Bu toparçalarda-da öňdäki 2 orny alanlar çärýek finala çykar.

Ýene degişli makalalar

Toparçalar belli boldy
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi