Toparçalar belli boldy

Şu ýylyň 31-nji awgusty 15-nji sentýabry aralygynda Hytaýda geçiriljek basketbol boýunça erkekleriň arasyndaky 18-nji Dünýä Kubogynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda, ýer eýeleri Hytaýyň ýygyndysy “A” toparçada Polşanyň, Kot-d’Iwuaryň hem-de Wenesuelanyň milli toparlary bilen duşuşar. Çempionlygyň iň esasy dalaşgäri, dünýä ýyldyzlaryny özünde jemleýän ABŞ-nyň milli topary “E” toparça düşüp, Türkiýäniň, Çehiýanyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndylary bilen bije çekişdi.

Duşuşyklar ýurduň 8 şäherinde — Pekin (“A” toparça), Uhan (“B”), Guançžou (“C”), Foşan (“D”), Şanhaý (“E”), Nankin (“F”), Şençžen (“G”) hem-de Dunguan (“H”) şäherlerinde oýnalar.Ilkinji gezek 32 ýygyndynyň gatnaşýan çempionatynda toparçalarda 12-nji ýeri eýelän toparlar ýaryşy dowam etdirer.

Final duşuşygy 15-nji sentýabrda Pekinde oýnalar.

“A” TOPARÇA (Pekin): Hytaý, Polşa, Kot-d’Iwuar, Wenesuela“B” TOPARÇA (Uhan): Russiýa, Argentina, Günorta Koreýa, Nigeriýa“C” TOPARÇA (Guançžou): Ispaniýa, Eýran, Puerto Riko, Tunis “D” TOPARÇA (Foşan): Angola, Italiýa, Filippinler, Serbiýa“E” TOPARÇA (Şanhaý): ABŞ, Türkiýe, Çehiýa, Ýaponiýa“F” TOPARÇA (Nankin): Gresiýa, Garadag, Täze Zelandiýa, Braziliýa“G” TOPARÇA (Şençžen): Fransiýa, Germaniýa, Iordaniýa, Dominikan Respublikasy“H” TOPARÇA (Dunguan): Kanada, Senegal, Liwan, Awstraliýa

Ýene degişli makalalar

18-nji Dünýä Kubogy
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi