Lebaply şalyçylar 47732 tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar

Lebaply şalyçylar 47732 tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar

Lebaply şalyçylar öňde goýlan belent sepgidi eýelediler. Olar 10200 gektar meýdanda ýetişdirilen bereketli ekinden 47200 tonnanyň ýerine 47732 tonnadan gowrak hasyly ýygnadylar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda şalynyň galan hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Kerki, Halaç, Hojambaz, Köýtendag, Çärjew, Dänew, Darganata etraplarynyň ussat şalyçylary pellehana ilkinjileriň hatarynda geldiler. Şu ýyl ekin meýdanlarynda şalynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan Nukus-2 görnüşi ýetişdirildi.

Ýetişdirilen hasyly ýygnamakda daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy. Orak möwsüminde СLAAS TUСANO-430, Keýs ýaly tehnikalaryň 166-sy ulanyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Lebaply ekerançylar şu ýyl 47,4 müň tonna şaly ýygnamagy meýilleşdirýärler
Ýurduň gündogar sebitiniň ekarançylary şaly ýygymyna girişdiler
Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar
Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar