Legionersiz ýygyndylar, diňe legionerlerden düzülen ýygyndy (Katar 2022 barada gyzykly maglumatlar)

Düzüminde ýeke legioneri hem bolmadyk 2 ýygyndy bolup, olar ýer eýeleri Kataryň milli topary hem-de goňşusy Saud Arabystanynyň milli toparydyr.

Senegalyň ýygyndysy bolsa düzümine milli çempionatda çykyş edýän ýeke futbolçyny hem goşmady. Aliu Sisseniň tälimçiligindäki ýygyndynyň 26 futbolçysy-da başga ýurtlarda çykyş edýän futbolçylardyr.

Kanadanyň hem-de Uelsiň ýygyndylaryndaky käbir futbolçylar ýerli klublarda çykyş edýän hem bolsalar, şol klublar milli çempionata wekilçilik etmän, olar degişlilikde, ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň hem-de Angliýanyň 2-nji ligasy “EFL Championship”-iň toparlarydyr.

Argentina bilen Serbiýanyň ýygyndylarynda milli çempionata wekilçilik edýän diňe bir futbolçy çagyryldy.

Angliýanyň ýygyndysynda legioner hökmünde diňe 1 futbolçy bolup, ol hem “Borussiýa Dortmundda” çykyş edýän Jud Bellingamdyr.

Braziliýanyň ýygyndysyndaky 26 futbolçynyň 12-si iňlis klublarynda çykyş edip, bir ýurtdan iň köp legioneri bolan milli topardyr.

Futbolçylaryň aglabasy ýokary liganyň klublarynda çykyş edýän oýunçylardyr. Diňe 2 futbolçy iň pes ligada çykyş edip, uelsli Kris Gunter bilen Jonni Williams Angliýanyň 4-nji ligasy bolan “EFL League Two”-nyň klublary “Wimbledon” hem-de “Swindon Tawn” toparlarynda oýnaýarlar.

Milli ýygyndysy çempionata gatnaşmaýan ýurtlardan Italiýanyň klublarynda çykyş edýän 70 futbolçy Katar 2022-ä çagyryldy. Türkiýäniň klublarynda oýnaýan 19, şeýle-de, grek hem-de şotland klublarynyň 13 futbolçysy Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler.

Kataryň ýygyndysyndaky 26 futbolçy 6 kluba wekilçilik edip, ýer eýeleri iň az klub bilen gatnaşýan topar boldy.Kataryň ýygyndysynyň düzümindäki oýunçylaryň 13-si bir klubda, “Al-Sadd” toparynda çykyş edýär.

Saud Arabystanynyň ýygyndysynyň oýunçylary 7 klubdan bolup, olar bu ugurda 2-nji orny eýeleýärler.Angliýa 11, Ispaniýa 12, Germaniýa 13, Portugaliýa 14 klubuň oýunçylary bilen çempionata gatnaşýar.

Kamerunyň ýygyndysyndaky 26 futbolçynyň hersi bir kluba degişlidir. Ýagny Afrikanyň wekiliniň 26 futbolçysy 26 dürli klubda çykyş edýär. Gananyň oýunçylary 25, Ýaponiýanyň, Polşanyň futbolçylary 24, Senegaldyr Daniýanyň, Horwatiýanyň oýunçylary-da 23 klubdan ýygnandylar.

Ýene degişli makalalar

Aziýada “Kaşima”, Afrikada “Esperans”
Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Beýl “Los-Anjelese” geçer
“Real Madridiň” ýyldyzy Amerika transfer boldy
“Real Madridiň” ozalky ýyldyzy karýerasyny tamamlady
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy