“Real Madridiň” ýyldyzy Amerika transfer boldy

Uelsiň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Garet Beýl karýerasyny ABŞ-da dowam etdirer. “Real Madrid” bilen şertnamasy tamamlanan 32 ýaşyndaky winger MLS-iň “Los Anjeles” toparynyň düzümine goşuldy.Ol täze kluby bilen 18 aýlyk (2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli) şertnama baglaşdy.

Soňky ýyllarda “Realda” aglaba ätiýaçda oturan Beýl “Southemptonda” futbola başlapdy.Ol “Tottenhamda” özüni görkezip, 2013-nji ýylda rekord baha “Real Madride” transfer bolupdy.Klub karýerasynda 540 duşuşykda 182 gol geçiren Beýl meksikaly Karlos Wela, şol sanda golaýda transfer edilen italiýaly meşhur goragçy Jorjio Kiellini bilen bir toparda çykyş eder. “Los Anjeles” topary häzirki wagtda ABŞ-nyň çempionatynda Günbatar Konferensiýada 1-nji orunda barýar.

Ýene degişli makalalar

“Real Madridiň” ozalky ýyldyzy karýerasyny tamamlady
“Çelsi” Kaisedodan soň ýene bir oýunçyny düzümine goşdy
Saneden soň Mane
Angliýanyň “Premier Ligasy” “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda
“Liwerpul” içini sowatdy
18 ýyldan soň awgust aýynda wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçi