Ýyldyz oýunçy Ronaldonyň toparynyň düzümine goşuldy

Germaniýanyň çempiony “Bawariýa” topary senegally ýyldyzy Sadio Maneni Saud Arabystanyna ugratdy. 31 ýaşyndaky hüjümçi Mane portugaliýaly Ronaldonyň çykyş edýän “Al Nassr” toparyna transfer boldy.Transferiň amala aşandygy resmi ýagdaýda mälim edildi.

Mane täze kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Al Nassr” topary Maneniň transferi üçin “Bawariýa” 30 million ýewro, oýunçynyň özüne-de ýyllyk 40 million ýewro berer.

2011-nji ýylda “Mets B” toparynda futbola başlan Mane soňlugy bilen “Mets”, “Red Bull Salsburg”, “Southempton” hem-de “Liwerpul” klublarynda çykyş etdi. Ol “Liwerpulda” oýnan 6 möwsüminde 269 oýunda 120 gol geçirdi. “Bawariýada” 38 duşuşykda 12 gezek tapawutlanan Maneniň nemes klubundaky soňky aýlary dawaly ýagdaýda geçdi.

Sadio Mane super ýyldyz oýunçy Ronaldo, şol sanda Seko Fofana, Aleks Telles, Marselo Brozowiç, Dawid Ospina, Taliska ýaly ýyldyzlaryň çykyş edýän “Al Nassr” toparynda 10-njy belgili köýnekçäni geýer.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Bawariýa Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy, Barselona - Inter - 3:3
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
S7 Airlines resmi taýdan Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi, Turkmenportal saýtynda Awtosynyň 4-nji sany çykdy, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleri Ähtnama gol çekdiler