Lenovo Şanhaýda programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin täze kompaniýa döretdi

Lenovo Şanhaýda programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin täze kompaniýa döretdi

Hytaýyň kompýuter tehnikasyny öndürijisi Lenovo Şanhaýda sanly gurşawda ylmy-tehniki işler bilen meşgullanjak täze kompaniýany döretdi. Bu barada Sina habarlar çeşmesi habar berýär.

“Lýansýan sinşisze” adyny alan täze gurluşyň düzgünnama maýasy 10 mln ýuana (1,5 mln dollar töweregi) barabar bolar. Onuň esasy wezipesi programma üpjünçiligini işläp düzmekden, maglumatlary gaýtadan işlemekde hyzmatlary hödürlemekden, şeýle-de emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak bilen amaly programma üpjünçiligini işläp düzmekden ybarat bolar diýip, www.finanz.ru belleýär.

Şu ýylyň ikinji çärýeginde Lenovo-nyň umumy girdejisi 109,4 mlrd ýuana (16,29 mlrd dollar töweregi) barabar boldy, bu 2020-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 27% ýokarydyr. Bellenilen döwürde arassa girdeji 119% ýokarlanyp, 3,01 mlrd ýuana (takmynan, 466 mln dollar) ýetdi.

Ýene degişli makalalar

28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ilon Maskyň SpaceX we Jek...
Ilon Mask Aşgabatda geçiriljek halkara foruma wekiliýet ugradar
"SpaceX", "Alibaba" we "Boeing" Aşgabatda geçiriljek transport maslahatyna gatnaşarlar
Türkmenistanda otlularyň hereketiniň täze meýilnamasy hödürlendi, aprel aýynda ýurtda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler, SpaceX-iň we Alibaba-nyň wekiliýetleri Aşgabada gelerler we beýleki habarlar
1-nji orna çykaran ýeňiş
2-nji gezek çempionlyk gazanan 17-nji sürüji