Lewandowskiý Gerd Mýulleriň rekordyny gaýtalady

Lewandowskiý Gerd Mýulleriň rekordyny gaýtalady

“Bawariýa” futbol kluby Germaniýanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň oýnunda “Uniony” 4:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Mýunhendäki “Alýans-Arenada” geçirildi diýip, TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

Bu oýunda gol bilen Kingsli Koman (16-njy minut), Nýanzu Kuassi (25) we Robert Lewandowskiý (45, 47) tapawutlandy. Germaniýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde polşaly hüjümçiniň hasabynda 31 gol bar.

Lewandowskiý bäşinji gezek bundesliganyň bir möwsüminde 30 we ondan köp gol geçirýär. Şeýlelik bilen, ol Gerd Mýulleriň rekordyny gaýtalady.Lewandowskiden we Mýullerden başga-da, Germaniýanyň çempionatynyň taryhynda ýene bäş oýunçy bir möwsümde 30 we ondan köp gol geçirmegi başardy Pýer-Emerik Obameýang, Lotar Emmerih (ikisi-de Dortmundyň “Borussiýasy” üçin), Diter Mýuller (“Kýoln”), Ýupp Haýnkes (Mýonhengladbahyň “Borussiýasy”) we Uwe Zeýeler (“Gamburg”).

“Bawariýa” 27 oýunda 63 utuk gazanyp, ýurduň çempionatynyň turnir jedwelinde birinji orunda ýerleşýär. “Union” 38 utuk bilen sekizinji orny eýeleýär. Indiki oýunda “Bawariýa” 2-nji aprelde “Fraýburg” bilen duşuşar, “Union” bir gün öň “Kýolny” kabul eder.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Türkmen telewideniýesi şu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 8 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
01.09.2017 | Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy
Aşgabatdaky täze hirurgiýa merkezini döwrebap enjamlary satyn alany üçin sylagladylar
Tanymal pianinoçy Rozwita Lomeriň aşgabatly saz muşdaklaryna sowgady