“Lezzetli miwe” şetdaly hasylyny Russiýa eksport etdi

“Lezzetli miwe” şetdaly hasylyny Russiýa eksport etdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti şetdaly hasylynyň 30 tonnadan gowragyny Russiýa eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Lezzetli miwe” kärhanasy Kaka etrabynyň A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden özüne bölünip berlen 200 gektar meýdanynda eken miweli baglaryndan şetdalynyň 207 tonnadan gowrak hasylyny ýygnady.

“Türkiýeden türkmen topragyna, howa şertlerimize gabat gelýän miweli baglaryň görnüşlerini ýurdumyza getirip, onuň 250 müňden gowrak düýbüni ösdürip ýetişdirdik. Bu günki güne çenli almadan 130, badamdan 4 tonnadan gowrak, ýeralmadan 112 we arpadan bolsa 538 tonna hasyl aldyk” diýip, kompaniýanyň direktory Sapargeldi Dolyýew Türkmenistanyň resmi metbugatyna gürrüň berdi.

“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti özüne bölünip berlen ýeri 2016-njy ýylda özleşdirip başlady.

Ýene degişli makalalar

“Lezzetli miwe” türkmen bazaryny miwe önümleri bilen üpjün edýär
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Baky saz ýaňlanar...
Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler